Dawosda Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady

Dawosda Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady

Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Bütindünýä ykdysady forumy ýekşenbe güni öz işine başlady. Koronawirus pandemiýasy sebäpli Bütindünýä ykdysady forumynyň her ýylky duşuşygy 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri oflaýn görnüşde geçmändi.

Guramaçylaryň mälim etmegine görä, şu ýyl Dawos forumyna 2 müňden gowrak adam, şol sanda 50 ýurduň ýurt baştutany gatnaşar.Dawos forumyna Awstriýanyň kansleri Karl Nehammer, Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Yragyň prezidenti Barham Saleh, Polşanyň lideri Anjeý Duda, Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç, Germaniýanyň kansleri Olaf Şols, Ermenistanyň prezidenti Waagn Haçatrýan, Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) başlygy Janni Infatino, şeýle hem NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg dagylaryň hut özleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bütindünýä ykdysady forumyň esaslandyryjysy Klaus Şwabyň aýtmagyna görä, Dawosdaky maý duşuşygy - dünýäniň liderleriniň koronawirus pandemiýasy we Ukrainadaky harby hereketler netijesinde köp çaprazlykly dünýäniň kemala gelýändigi bilen häsiýetlendirilýän täze ýagdaýda duşuşjak ilkinji sammitidir.

Dawos forumynyň ileri tutulýan meseleleriniň arasynda bütindünýä we sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek, "ýaşyl" ykdysadyýete geçmek, dürli pudaklarda täzeçilligi girizmek we kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler hem bar.

Ýene degişli makalalar

NATO-nuň Baş Sekretarlygyna Mark Rutte Saýlandy
“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Prezident Erdogan ABŞ-da saparda bolýar
NATO Sammiti Başlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Eýran, Sebitiň Durnuklylygyny Bozýar”
Türkiýe, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady