Daşogzuň ýag zawodynda ýangyn döredi

Daşogzuň ýag zawodynda ýangyn döredi

2-nji iýunda Daşogzuň ýag zawodynyň bölümleriniň birinde ýangyn döredi. Ody birnäçe sagadyň içinde söndürmek başartdy. Azatlygyň habarçylary hadysada adam pidalarynyň bolmandygyny aýdýarlar. Emma oduň ýüze çykan sehine uly zyýan ýetdi. Dynç günleriniň dowamynda dörän ýangynyň mümkin sebäpleri häzirlikçe belli däl.

“Şu gün öýländen soň ýag zawodynda ýangyn döredi. Polisiýa zawoda barýan ýollaryň ählisini petikli. Ýangyn söndürijiler sebite ýarym sagadyň içinde geldiler. Ody birnäçe sagadyň içinde söndürmek, şeýle-de onuň zawodyň beýleki bölümlerine ýaýramagynyň öňüni almak başartdy” diýip, 2-nji iýunda bu ýagdaýlara şaýat bolanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz ýangynyň dörän sebitinde polisiýanyň we beýleki howpsuzlyk gulluklarynyň derňew geçirýändigini hem sözüne goşdy.

Ýerli häkimiýetler we döwletiň berk gözegçiligindäki media ýangyn barada dymýarlar.

Ýangyn prezident Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguza etmegine garaşylýan saparynyň öň ýanynda döredi. Habarçylarymyz prezidentiň demirgazyk welaýata 10-njy iýunda gelmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Tebigatyň goragynda
Ýangyn howpsuzlygy gullugy awtobusda dörän ýangyny wagtynda söndürip bilmedi
Russiýanyň günortasynda tokaý ýangynlary başlady
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi
Gawaýidäki tokaý ýangynlary dowam edýär
Fransiýada binada bolan ýangynda 7 adam ýogaldy