Daşoguzyň wekilçilikli topary Özbegistanyň Horezm welaýatynda iş saparynda boldular

Daşoguzyň wekilçilikli topary Özbegistanyň Horezm welaýatynda iş saparynda boldular

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 23-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň wekilçilikli topary Özbegistanyň Horezm welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada milli metbugatda habar berilýär.

Welaýat we etrap häkimlerinden, oba hojalyk, telekeçilik, alyjylar jemgyýetleri hem medeniýet ulgamynyň wekillerinden ybarat türkmen topary Horezm welaýatynyň Şawat etrabynda dabaraly garşy alyndy.Soňra wekilçilikli topar Şawat etrabynyň çägindäki maldarçylyk toplumynda mallary bakmak, ot-iým bolçulygyny döretmek babatda işleriň guralyşy bilen tanyşdy.

Bu toplumda et önümçiligi üçin daşary ýurtlardan getirilen mallaryň 800-e golaýy bar.Onuň ýanynda 6 tonna süýdi gaýtadan işleýän kärhana hereket edýär.Bu ýerden türkmen wekiliýeti Horezm welaýatynyň merkezi Ürgenç şäherine tarap ýola düşdi.

Ýurduň demirgazyk sebiti bilen çäkleşýän goňşy welaýatyň merkezi şäherinde iri senagat kärhanalary, bilim, medeni ojaklaryň ençemesi ýerleşýär. Ürgenç şäherindäki Al Horezmi adyndaky Halkara fizika-matematika mekdep-internatynda türkmen wekiliýetini güler ýüz bilen garşy aldylar. Anyk ylymlara ýöriteleşdirilen bu bilim ojagynyň ýolbaşçysy mekdepde döredilen şertler, okuw işleriniň guralyşy barada gürrüň berdi.

Iş saparynyň dowamynda goňşy döwletiň welaýat merkezinde hereket edýän Uzteх group, Uzteх Şhowot, Katgala tekstil iri senagat kärhanalaryna baryldy. Şu kärhanalaryň arasynda dok- ma toplumynda önümçiligiň ýola goýluşy, işiň ähli tapgyrlarynyň sazlaşykly yzygiderliligi aýratyn gyzyklanma döretdi. Ürgenç şäheriniň eteginde ýerleşýän jorap fabriginde hem işler şular ýaly toplumlaýyn esasda ýola goýlupdyr.

Soňra Türkmen-özbek dostlugynyň milli merkezinde uly dabara geçirildi.Dabaranyň dowamynda bu merkeziň ýolbaşçysy Döwletnazar Rejepbaýew iki goňşy halkyň asyrlardan gözbaş alýan dost- lugynyň häzirki döwürde has-da pugtalanýandygy, bu mizemez dostlugyň şu merkeziň işlerinde aýdyň şöhlelenýändigi barada gür- rüň berdi. Şu ýerde goňşy döwletiň golaýda bellenilen Garaşsyzlyk baýramynyň şanyna döredilen medallary gowşuryş dabarasy hem boldy. Ürgenç şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplarynyň uly toparyna medallar gowşuryldy.

Türkmen toparynyň agzalary bu şäheriň gözel künjeginde oturdylan Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül desselerini goýdular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryna Özbegistana haryt geçirmegi gadagan etdiler
Özbegistan Farap-Alat barlag nokadyny wagtlaýyn ýapdy
Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar
Şawkat Mirziýoýew “Özbegistan-Türkmenistan” erkin söwda zolagynyň döredilmegini tassyklady