Daşoguzyň ak keçeleri halkara festiwala gatnaşyjylary haýran galdyrýar

Daşoguzyň ak keçeleri halkara festiwala gatnaşyjylary haýran galdyrýar

Türkmenabat şäherinde geçirilýän Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda atly halkara festiwala gatnaşyjylar Daşoguz sebitlerinde taýýarlanylýan ak keçeleri haran galyjylyk bilen synlaýarlar.

Turkmenportalyň bu ýagdaýda nazary eglenen habarçysy ak keçeleri sergä alyp gelen Akdepe etrabyndan medeniýet işgäri Läle Durdyýewa bilen söhbetdeş boldy.

Keçe etmegi, esasan, gaýyn öýünde özleşdirendigini aýdan söhbetdeşimiz ak keçeleriň demirgazyk sebite mahsusdygyny gürrüň berdi. Akdepe sebitlerinde ak keçeleriň namazlykdan başlap dürli görnüşleri taýýarlanylýan eken. Bu keçeleri taýýarlamak üçin saryja goýnuň ýüňi ulanylýar.

Festiwalyň çägindäki serginiň Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyrylandygyny ýatladýarys. Düýn açylan sergi öz işini ertir tamamlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Aşgabatda Soltan Sanjar atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsertde dünýä halklarynyň eserleri ýerine ýetirildi
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Türkmen küştçüleri Aziýa çempionatynda halkara kadalaryny berjaý etdiler