Daşoguzly telekeçiler oba senagat toplumyny ösdürmäge işjeň ganaşýarlar

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda hususy maldarçylyk fermalarynyň ikisiniň gurluşygy alnyp barylýar. 300 gara mal saklamaga niýetlenen fermany ýerli telekeçi Begmyrat Myradow bina edýär. Şu güne çenli bäş gektardan gowrak ýerde fermanyň diwarlary galdyryldy we beýleki zerur binalaryň bölekleri guruldy, şeýle hem döwlet tarapyndan uzak möhletleýin ulanylmaga berlen 175 gektar ýeriň onlarça gektar ýeri özleşdirildi.

Telekeçi özleşdiren ýerinden geçen ýyl iýmlik ekinden gowy hasyl aldy.Ulanylmaga berlenden soň täze fermada ýylda 100 tonna süýt we 80 tonna et öndüriler.

“Ýüpek ýoly gurluşyk” Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri 1200 baş gara mal saklamaga niýetlenen has uly maldarçylyk fermasyny gurarlar. Munuň üçin döwlet tarapyndan uzak möhletleýin peýdanlanmaga 600 gektar ýer bölünip berildi. Onuň 17 gektarynda ferma we kömekçi binalr gurlar, galan ýerde bolsa, tapgyrlaýyn ot-iým ýetişdiriler. Bu ýerde ýylda 100 tonna süýt we 300 tonna et öndürmek göz öňünde tutulýar.

Iň täze etrapda şuňa meňzeş hususy gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurulmagy döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berlimegi netijesinde ýurdumyzyň telekeçileriniň we senagatçylarynyň daşary ýurlardan geirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we yurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilýän ýokary hilli azykl önümleri bilen üpjün etmek boýunça uly möçberli işe barha işjeň gatnaşýandyklaryna şaýalyk edýär.

Daşoguz welaýatynda häzirki wagtda sebitiň oba senagat ulgamynda et, süýt, gök önümleri, galla öndürýän önümçilikler üstünlikli hereket edýär.Muňa mysal edip, “Ýüpek ýoly gurluşyk” Hojalyk Jemgyteinde döredilen, häzir ýurduň söwda nokaltaryna ýigrimä golaý önüm iberýän “Şawat” APJ kärhanasyny, öz ýokary hilli önümleri bilen tanalýan “Peýnirçi” ýa-da “Dik aý” hususy kärhanalaryny, un çykarýan “Opal” şahsy kärhanasyny, ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasynyň ýyladyş hojalygyny we beýlekileri görkezmek bolar. Ýakyn ýyllarda dürli etraplarda täze hususy kärhanalary gurmagyň, şeýle hem ozalky döwlet eýeçilignden aýrylyp, hususylaşdyrlan kärhanalaryň, hususan-da, Daşoguzyň ozalky tomat-konserwa zawodynyň hasabyna welaýatda olaryň sany artdyrylar.

Ýene degişli makalalar

Döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmagyň oňyn netijeleri
Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar
Oba hojalyk önümleriniň möçberi artdyrylýar
Daşoguzly daýhanlar güýzlük sogan ekinleriniň mukdaryny artdyrýarlar
Türkmenistanda hususy süýt önümçiligi artýar
Daşoguz welaýatynda kartoşkadan ýylda iki hasyl alynýar