Daşoguzly telekeçi zenan 434 gektar ýerden 8 müň tonna golaý ýeralma aldy

Daşoguzly telekeçi zenan 434 gektar ýerden 8 müň tonna golaý ýeralma aldy

Daşoguz welaýatyndan telekeçi Bibijan Hallyýewa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça nusgalyk derejede durmuşa geçirýän täze başlangyçlary esasynda gök we bakja önümlerini ýetişdirip, azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýanlaryň biri.

Ol Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden uzak möhletleýin peýdalanmak üçin 800 gektardan gowrak ýeri kärendesine aldy. Şonuň 434 gektaryna ýeralma ekilip, bu azyklyk önümiň bol hasyly ýetişdirildi. Şeýlelikde, telekeçi zenan Bibijan Hallyýewanyň kärendesine alan ýerinden ýeralmanyň 8 müň tonna golaýy öndürildi. Ýygnalan hasyl welaýatyň Miwe önümçilik birleşigine tabşyryldy, bazarlar, ýörite söwda nokatlary arkaly ilata ýerlenildi.

Telekeçi zenan kärende ýerinde başga-da gök we bakja önümleri ýetişdirilýär. Güýz howasynyň garaşyk edýän häzirki günlerinde 100 gektara golaý ýerden pomidoryň, soganyň, 20 gektardan gowrak ýerden käşiriň hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap aldy. Ekologik taýdan arassa, tagamlylygy hem ýokumlylygy bilen tapawutlanýan bu önümler ilatyň bereketli saçaklarynyň bezegine öwrüler.

Ýene degişli makalalar

Lebapda dynç güni ýowar geçirildi
Asman giňişliginde Gün energiýasyny ýygnar
Gallam bar tyllam bar
Galla oragy möwsüminde 2 müň 64 sany däne ýygýan kombaýn işlediler
Samsung täze eplenýän smartfon oýlap tapdy
NASA Mars planetasynda ýazylan sesleri köpçülige çykardy