Daşoguzly pileçiler döwlet harmanyna 500,7 tonna çig pile tabşyrdylar

Daşoguzly pileçiler döwlet harmanyna 500,7 tonna çig pile tabşyrdylar

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmenistanly pileçi kärendeçiler pile tabşyrmak boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Daşoguz welaýatynyň pileçileri döwlet harmanyna 500,7 tonna çig pile tabşyryp, bu baradaky meýilnamany 100,14 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada welaýat gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu üstünligiň gazanylmagyna Şabat, Akdepe, Görogly, Boldumsaz, Köneürgenç etraplarynyň pileçileri saldamly goşant goşdular. Şonuň ýaly-da ezber ýüpekçileriň köp sanlysynyň ýeten sepgitleri olaryň möwsümiň dowamynda gije-gündiz ýadawsyz iş alyp barandyklaryna şaýatlyk edýär.

Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Bekpaşşa Döwletowa, Eziza Ryzaýewa, şol etrabyň Dostluk daýhan birleşiginden Täzebaý Saparbaýew, Azimbaý Yzbastyýew, Görogly etrabynyň Aksaraý daýhan birleşiginden Muham Güýşenow, Orazmyrat Dosyýew, Boldumsaz etrabynyň Döwletli daýhan birleşiginden Hudaýberdi Gurbanow, Parahat Bazarow, Köneürgenç etrabynyň Galkynyş daýhan birleşiginden Jumadurdy Kakabaýew, Azat Nepesow ýaly ýüpekçileri görkezmek mümkin.

Pile hasylynyň bökdençsiz kabul edilmegine Daşoguzwelaýatýüpek önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki pile kabul ediş bölümleriniň işçi-hünärmenleri ýakyndan ýardam berdiler. Çünki olar harmana getirilen piläniň öz wagtynda ýerleşdirilmegi bilen bir hatarda, onuň hiliniň ýokary bolmagy barada hem aýratyn alada etdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Antalýada gonuş wagty ýolagçy uçaryň hereketlendirijisi ýandy
Türki Dövletleriň Guramasy Älem Giňiligi Boýunça Hyzmatdaşlyk Ederler
Eýrandaky protestler dowam edýär
Täjigistan: Türkmenistana barýan demir ýol taslamasy durmuşa geçirilmelidir
Tennis boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy
F.Mogherini ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýurduň açylmagyna kömek etmegine bil baglaýar