Daşoguzly halyçylar gadymy gölleriň esasynda owadan halylary dokaýarlar

Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsazdaky şahamçasynyň halyçylary “Togrul göli” ady bilen tanalýan täzeden dikeldilen “Gumly gölüni” täze haly dokalanda ulandylar.Gadymy göllere meňzedilip dokalan halynyň sary-mele reňk öwüşginleri agdyklyk edip, olar güneşli ülkämiziň özboluşly gözelligini, ýaz aýlary dürli güllere bürelýän uç-gyraksyz Garagum çölüni ýada salýar.

Gadymy gölüň çyzgysyny şahamçanyň işgäri Gülistan Gurbanbaýewa dikeltdi.Mundan öňem çeper elli halyçynyň ýolbaşçylygynda “Ýomut gölüniň” bir görnüşi bolan “Akmaýanyň ýoly” gadymy göli ulanylan halylar dokaldy. Ýurduň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem el halylaryny dokamak gadymy wagtlardan bäri dowam edip gelýär.

Gadymy sungatyň ýörelgeleri häzirki wagtda täze tilsimler we reňkleriň batyrgaý utgaşygy bilen baýlaşdyrylýar.Sebitiň ýörüteleşdirilen iri kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 1 müň 170 inedördül metr ýokary hilli, nepis ýüň halylar dokaldy.

Ýene degişli makalalar

07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Goşa galaktika tapyldy