Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň “N.Andalyp” daýhan birleşiginde soňky ýyllarda döredilen ýörite ýer gaznasyndan 299 daýhana miwe we gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin 1550 gektar ýer bölünip berildi.
“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň ýekşenbe güni habar berşi ýaly, daýhanlar 99 ýyl peýdalanmak üçin ýer böleklerini aldylar. Täze ýer eýeleriniň aglaba bölegi diňe bagçylyk we üzümçilik bilen meşgullanarlar. Şol bir wagtyň özünde 110 daýhan ýer almany we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmegi maksat edinýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bölünip berlen ýerlerden 182 gektar meýdanda miweli baglar, on alty gektar töweregi üzümçilik ýerler, iki gektardan gowrak ýerde bolsa tut agajy ekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Şeýlelikde, göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin önüm öndürijilere ýer bölekleri peýdalanmaga berler.