Daşoguzly ataly ogul Türkmenistanda seýrek gabat gelýän gülleri ösdürip ýetişdirýärler

Daşoguzly ataly ogul Türkmenistanda seýrek gabat gelýän gülleri ösdürip ýetişdirýärler

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Zähmet geňeşliginiň ýaşaýjylary ata-ogul Emin we Enwer Saparbaýewler boş wagtlaryny peýdaly işe gül nahallaryny ösdürip ýetişdirmeklige bagyşlaýarlar. Gül nahallary soňra olaryň obadaşlarynyň öylerine we howlularyna göçürilýär. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berýär.

Maşgalanyň ösdürip ýetişdirýän bezeg gülleriniň arasynda ýasy ýaprakly iki ülüşli tolstýankanyň ― pul daragtynyň hem-de Günorta Afrikada ösýän, howany zyýanly garyndylardan we kömürturşy gazdan ýokary derejede arassalamaga ukyply, insiz ýapraklyja köpýyllyk otpisintli gyrymsy çogdam gül ― hlorofitumyň şitilleri bar.

Saparbaýewleriň maşgalasynyň ýetişdirýän gülleriniň ýene birisi-de bejeriji, şypaly eoniumdyr. Ýasy ýaprakly iki ülüşli tolstýanka toparyna degişli eonium köpýyllyk bezeg güli hasaplanýar we onuň boýy 5 sm-den 60-sm beýiklige çenli uzaýar.

Bu ýerde dodakgüllüler maşgalasyna degişli koleusyň birnäçe görnüşleri we köplenç daş bägül ýa-da daş gül diýlip atlandyrylýan otag eheweriýasy hem ýetişdirilýär.

Gülçülik ata-ogul Saparbaýewleriň ýörite öwrenen kärleri däl. Olaryň öz aýtmaklaryna görä, ekerançylyk, daýhançylyk işleri bilen meşgullanmaklary gözelligiň nusgasy bolan güllere söýgi döredipdir. Ata-ogluň ösdürip ýetişdirýän öý güllerinden ýeke bir öz obadaşlary peýdalanman, olara tarp ýerli etrabyň beýleki obalarynda-da isleg bildirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Daşoguzly pileçiler döwlet harmanyna 500,7 tonna çig pile tabşyrdylar
Milli boks çempionatynyň finalçylarynyň atlary belli boldy
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda