Daşoguzdaky ýyladyşhana toplumynda 2 müň tonna pomidor hasyly alnar

Daşoguzdaky ýyladyşhana toplumynda 2 müň tonna pomidor hasyly alnar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat Azyk önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bereketli hasyly kemala geldi. Şu günler ýetişdirilen täze hasyly tapgyrlaýyn usulda ýygnamak hem-de ony ter görnüşde sarp edijilere ugratmak işleri alnyp barylýar ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.

Önümiň täze görnüşi ýokary hilliligi, tagamlylygy hem-de nyrhynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Döwrebap toplumda ýylda ekologik taýdan arassa pomidoryň 2 müň tonnasy öndürilýär.

Etrabyň senagat zolagyndaky umumy meýdany 10 gektara barabar toplumyň 9,6 gektarynda ýyladyşhanalar, 0,4 gektarynda şitilhana ýerleşýär.Onuň çäginde taýýar önümleri gaplaýan bölüm hem bar.Her biriniň göwrümi 250 kub metre barabar suw gaplarynyň 6-sy, ýapyk howdan, ýyladyş gazanlarynyň hem 5-si gök ekerançylyk işlerini ýylyň bütin dowamynda üznüksiz alyp barmaga şert döredýär.

Ol tebigy gazy ölçeýji enjam ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň ilkinjisidir.

Pomidor düýpleri topraga derek kokorit maddasy salnan gaplarda ösdürilýär.Kokos agajynyň owradylan gabygyndan alynýan bu maddada hem, edil toprakdaky ýaly, baldaklar göwnejaý kök urýar. Ýörite turbajyklar arkaly berilýän mineral dökünler, mikroelementler, suw baldagyň berkemegine, ekinleriň hasyl toplamagyna ýardam edýär.

Dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan bu maddany şol bir ekin ekilende, üç ýylyň dowamynda ulanyp bolýar.Bu bolsa önümçiligiň çykdajysyny has peseltmäge mümkinçilik berýär.

Toplumda ýaşlaryň 100-den gowragy zähmet çekýär.

Ýene degişli makalalar

Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirilýär
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
Şarapowadan soň Gauff
Saglyk baýlyk
Özüňden öneniň bary özüňki…
Yssy howany halaýan täsin agaç