Türkmen we özbek kinorežissýorlarynyň häzirki zaman eserleri Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Dilewar medeniýet öýünde görkezildi.
Kinosöýüjiler Annadurdy Täşliýewiň režissýorlyk eden Binýat filmine tomaşa etdiler.
Filmiň aýratyn bölegi Döwlet sungat akademiýasynyň sergi zalynda düşürildi. Çeper keşpler bilen birlikde filmiň gahrymany Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş we mugallym Saragt Babaýew boldy.
Film ilkinji gezek şu ýyl Mary welaýatynda geçirilen medeniýet hepdeliginiň çäginde görkezilipdi.
Özbek režissýory Dilmurod Masaidow hem öz gezeginde Aýol kismati (Aýalyň ykbaly) filmini türkmen tomaşaçylaryna hödürledi.
Foto: podrobno.uz
Çeper filmiň premýerasy şu ýylyň sentýabr aýynda bolup geçdi we noýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde bu film Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen Gorkut ata halkara film festiwalynyň Gran-pri baýragyny gazandy.
Döredijilik duşuşygynda dostlukly ýurtlaryň sungat wekilleri türkmen-özbek halklarynyň arasyndaky çuňňur taryhy we ruhy baglanyşyk barada bellediler.