Daşoguzdaky töwellaçy magaryfçy protesti öjükdirmekde’ aýyplanýar

Daşoguzdaky töwellaçy magaryfçy protesti öjükdirmekde’ aýyplanýar

Türkmenistanda çagalar bagynyň töleginiň aşa gymmatlamagy sebäpli Daşoguz şäherinde ene-atalaryň welaýat bilim bölümine garşy gurnan nägilelik ýörişinde, protestçilere "meseläni häkimlik bilen görüşmegi" maslahat beren töwellaçy magaryf resmisine maşgalasy bilen bilelikde galp aýyplamalar esasynda basyş edilýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren Daşoguzyň welaýat bilim bölümindäki bir işgäriň aýtmagyna görä, nägilelik ýörişi bilen edara gelen protestçileriň öňünden çykyp, olary köşeşdirmek üçin, onuň kärdeşi töwella edipdir we "meseläni welaýat bilim bölümi bilen däl-de, şäher häkimligi bilen görüşmegi" maslahat beripdir. Ondan soň protestçiler Daşoguz şäher häkimligine tarap nägilelik ýörişini dowam etdiripdirler.

Onuň aýtmagyna görä, protest bolan güni gije sagat on iki töwereginde, howpsuzlyk işgärleri welaýat bilim bölüminiň şol töwellaçy resmisini öýünden tutup, Daşoguzyň pasport edarasynyň ýanyndaky wagtlaýyn göz astynda tutulýan tussaghana äkidipdirler.

Ol çeşme welaýat bilim bölüminiň töwellaçy işgärini ýerli häkimiýetleriň "halky döwlete garşy öjükdirmek we prezidentiň halkyň bagtyýarlygy üçin edýän aladalaryna garşy gelmekde" aýyplaýandygyny, onuň tussag edilmeginiň yzýanyndan hem Daşoguzyň bir çagalar bagynda işleýän aýaly bilen şäherdäki bir mekdebiň hojalyk işlerine seredýän oglunyň hem işinden boşadylandygyny öňe sürýär.

"Töwellaçy magaryfça döwletiň beren aklawçysy öňe sürülýän aýyplanyň görnüşi we şol sanda resmiler tarapyndan özüne edilýän basyşlar sebäpli onuň işine gatnaşmakdan ýüz öwürýändigini aýdypdyr.Ondan soň onuň maşgalasy hususy aklawçy tutupdyr. Ýöne indi howpsuzlyk işgärleri hususy aklawçynyň tussag bilen görüşmegine rugsat bermeýärler.

Göwnüme bolmasa, Daşogzuň ýerli häkimiýetleri bolan protest ýörişi üçin bir günäkär gözleýäne meňzeýär we hamala ol protesti biziň welaýat bilim bölümimizde işleýän, 50 ýaşlaryndaky töwellaçy resmi kärdeşimiz gurnan ýaly edip görkezmäge synanyşýarlar. Özüne ýöňkelýän günäni boýnuna aldyrmak üçin hem oňa we maşgalasyna yzygiderli basyş edýärler.

Olaryň raýatlyk hukuklary yzygiderli basgylanýar.Biz kärdeşimiziň we maşgalasynyň protest bilen ilteşiginiň ýokdugyna garamazdan, ýerli häkimiýetler tarapyndan güýçli basyş astynda tutulmagyndan biynjalyk bolup, arzymyzy Azatlyk Radiosynyň üsti bilen degişli resmilere ýetirmek isledik" diýip, Daşoguz welaýat bilim bölüminiň bir işgäri sözüniň üstüni ýetirýär.

Daşoguzyň welaýat bilim bölümindäki işgäriň tussag edilendigi baradaky maglumat Azatlygyň başga-da iki çeşmesi tarapyndan tassyklandy.

Ýatlap geçsek, çagalar bagynyň töleginiň çakdanaşa ýokarlandyrylmagyna nägilelik bildirip protest ýörişini gurnan ene-atalar ilki bilen welaýat bilim bölümine barypdyr. Nägile köpçülik ol ýerde edilen töwelladan soň, Daşoguz şäher häkimligine tarap hereket edipdir.

Çagalar bagynyň töleginiň on esse ýokarlandyrylmagyna Daşoguz etraplarynda hem güýçli nägilelik bildirilipdir.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Al-Aksa Metjidine Guralan Reýde Nägilelik Bildirdi
23-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gyssagly! Daşogzuň ýaşaýjylary çagalar baglaryndaky tölegleriň on esse gymmatlandygy sebäpli häkimligiň öňünde protest aksiýasyny gurnadylar
Daşoguzda çagalar baglarynyň tölegleriniň ýokarlanmagyny adamlar protest edýärler
Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyna syn. Aziada wagty we ondan soňra