Daşoguzdaky hojalyk jemgyýeti polietilenden taýýarlanylýan haltalaryň önümçiligini ýokarlandyrýar

Daşoguzdaky hojalyk jemgyýeti polietilenden taýýarlanylýan haltalaryň önümçiligini ýokarlandyrýar

Daşoguz welaýatynyň senagat önümçiliginde netijeli iş alyp barýan Bagt täji hojalyk jemgyýetinde polipropilenden hem polietilenden öndürilen haltalaryň täze tapgyry ýörite şertnamalar esasynda sarp edijilere ugradylyp başlandy. 2024-nji ýylyň iýul aýynda bu ýerde ýokary hilli haltalaryň 60 tonna golaýy öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, häzirki bazar şertlerinde täzeçe iş alyp barýan hususy düzümiň önümçilik ulgamlary ýokary öndürijilikli kämil enjamlar, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Olaryň sazlaşykly hem utgaşykly işledilmegi bilen, bu ýerde her günde 1,5 — 2 tonna halta taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hojalyk jemgyýetiniň önümlerine islegler barha artýar, onuň eksport mümkinçiligi hem ýokarlanýar. Polipropilen we polietilen haltalaryň uly tapgyry Russiýa eksport edilýär.

Bu önümçilikde polipropilen hem polietilen çig mallaryny işläp taýýarlamagyň, olary iş ugurlarynda ulanylyş kadasyna getirmegiň öz tehnologiýasy bar. Bu ugurlar, tutuşlygyna diýen ýaly awtomatik usulda iş alyp barýar. Bu ýerde işçi-hünärmenleriň 25-si işleýär.

Bagt täji oba hojalyk pudagy bilen baglanyşykly täzeçe işleri ýola goýdy.Bu töwerekde ýeralma, pomidor, hyýar, sogan ýaly dürli azyklyk önümleri, miweleri ýetişdirýän daýhanlar kän. Şeýle bolansoň, hojalyk jemgyýeti öndürilen azyk önümleriniň 3 müň tonnasyny ýylyň ähli paslynda zaýasyz saklamaga niýetlenen ammary-da işe girizdi.

Kuwwatly sowadyjylar, howanyň degişli derejesini saklaýan enjamlar bilen üpjün edilen ammarda kärendeçileriň, ýer eýeleriniň gök-bakja önümleri, dürli görnüşli miweleri terligine saklanýar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

“Bagtyýar gurluşyk” polipropilen ýüplükleriniň eksportyny ýola goýmakçy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Gazhimiýa pudagy ösüş ýolunda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
TNGIZT-de täze önümçilik ýola goýuldy