
16-17-nji noýabrda Daşoguzda türkmen-özbek dostluk festiwalyny geçirmek teklip edilýär. Çäräniň geçiriljek senesi özbek guramaçylary bilen hem ylalaşylar.
Bu barada ýekşenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Mährijemal Mämmedowa habar berdi. Wise-premýeriň aýtmagyna görä, festiwalyň maksatnamasyna iki ýurduň artistleriniň konserti, amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi, teatr sahnalaşdyrmalary, kino görkezilişleri, sungat duşuşyklary we ş.m. girer.