2024-nji ýylda Daşoguz welaýatynda 8100 gektar ýere şaly ekildi. Onuň esasy bölegi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýöriteleşdirilen hojalyklarynyň ikisinde ýetişdirilýär. Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda berilýän habara görä, bu ekine bölünip berlen dört müň gektardan gowrak ýer S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde, ýene üç müň gektardan gowrak ýer 27-nji oktýabr daýhan birleşiginde ýerleşýär.
Habarda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, şala döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhynyň ýokarlanmagy Daşoguz welaýatynyň daýhanlary üçin möhüm oba hojalyk önümini öndürmäge höwesi artdyrdy. Şu ýyl sebitde şaly ösdürip ýetişdirmäge uly hususy gurluş Ykbal açary hojalyk jemgyýeti gatnaşar.
Döwletiň şaly ösdürip ýetişdirmek pudagyny ösdürmek, şalyny üstünlikli ösdürip ýetişdirmek üçin ösen düzümleri döretmek boýunça alyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda şaly öndürmek üçin doly tapgyr döredildi.
Birnäçe ýyl bäri işläp gelýän S.Türkmenbaşy etrabynyň çäginde, şaly meýdanynyň golaýynda belli Satake kysymly ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilen şaly arassalaýjy kärhana, şaly ýetişdirýän hojalyklaryň ählisi üçin ýokary hilli tohum önümçiligini döretmäge mümkinçilik berdi. Şu ýyl hem ekişde kärhanada taýýarlanan ýokary hasyllylygy, kesellere durnuklylygy bilen tapawutlanýan, tagamy datly Nöküs-2 we Bereket görnüşli tohumlary ulanyldy.
Şeýle hem sebitde ýöriteleşdirilen häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, ýetişdirilen hasyly saklamak we gaýtadan işlemek üçin ýeterlik kuwwatlyklar bar diýlip, habarda bellenilýär.