Daşoguzda resmi, ýöne 'galp bugdaý ekiş dabarasy' geçirildi

Daşoguzda resmi, ýöne 'galp bugdaý ekiş dabarasy' geçirildi

Geçen hepdäniň çarşenbe güni Daşoguz welaýatynda resmi güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi.Welaýatda resmi bugdaý ekiş çäresine girişmek dabarasy Gubadag etrabynyň Gökçäge daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda geçirildi. “Bu dabara göz üçin geçirilen galp bugdaý ekiş çäresi boldy” diýip, Azatlygyň welaýatdaky habarçysy maglumat berýär. “Bugdaý suw içmedik ýere ekildi” diýip, habarçy ekişiň galp häsiýetine üns çekdi.

Ol ekişe gatnaşan traktorçy mehanizatorlaryň uly çykdajylara sezewar bolandygyny habar berdi. “Welaýatda zähmet çekýän mehanizatorlara sürüm we ekiş traktorlaryny, şeýle-de döwük traktorlary bejerdip, dabaralara çekilýän traktorlaryň hataryna goşmak tabşyrylypdyr” diýip, habarçy belledi.

Ol welaýatyň “Obahyzmat” kärhanasynda “görkezme-esbap hökmünde” saklanýan traktorlar barada gürrüň berdi: “Ol ýerde ýörite çäreler geçirilende telewideniýede surata düşürmek üçin 50 sany traktor saklanýar. Ätiýaçdaky şol 50 traktory zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda ulanmak üçin, olary işletmäni görkezme üçin saklaýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol welaýatyň ekerançylyk ýerlerinde suwaryş suwlarynyň ýetmezçiligi barada gürrüň berdi. “Bugdaý ekilmeli ýerler suw içmedi, sebäbi kanallarda suw ýetmezçilik edýär” diýip, ol aýtdy.Ol welaýat resmileriniň ösüp oturan gowaçalaryň hatar aralaryny sürdürip, gowaça joýalarynyň arasyna bugdaý ekdirmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi.

Azatlyk bu maglumaty welaýat derejesindäki resmilere tassykladyp bilmeýär. “Suw içmedik ýerleri sürdürip, bugdaý ekdirseler gallaçy kärendeçileriň öňümizdäki ýylda hem bergidar çykjagy ikuçsyzdyr.Daşogzuň ekerançylyk ýerleriniň meleoratiw ýagdaýy pes, tohum gögerip bilmeýär, üstesine, zeý kanallar arassalanmansoň, ýerleri şorlaşyp zaýalandy” diýip, daşoguzly çeşme Azatlyga gürrüň berdi.

Habarçymyz geçen çarşenbe güni geçirilen resmi bugdaý ekiş dabarasyna 1 müňden gowrak býujet işgärleriniň mejbury gatnaşdyrylandygyny habar berdi.Türkmenistanda bugdaý hem-de gowaça ekiş dabaralaryna döwlet derejesinde resmi ýagdaýda girişilýär, telewizion kanallarda, ýurduň gazet-žurnallarynda üsti baýdakly traktorlaryň nyzam bilen ekişe girişýän şekilleri görkezilýär. Ýöne ilkibaşda, mehanizatorlardan ozal aksakgal ýaşulylar “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip, dileg edip ýere tohum sepýär.

Bu ýyl güýzlük bugdaý ekişine Mary, Lebap, Balkan we Ahal welaýatlarynda 29-njy awgustda, Daşoguz welaýatynda 5-nji sentýabrda girişildi.Döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, şu ýyl Türkmenistan boýunça 760 müň gektar ýere bugdaý ekildi.

Türkmen gallaçylary 2019-njy ýylda 1 million 600 müň tonna däne hasylyny ýygnamak bilen borçlandyryldy.Munuň 300 müň tonnasy daşoguzly gallaçylaryň üstüne ýüklenildi. Ýatladyp geçsek, Daşoguz welaýatynda bugdaý oragyna iýunyň başynda girişlende hem ýerli resmiler göz üçin emeli işlere baş goşup, resmi galla oragy geçiriljek bugdaý meýdanlarynda gögerip oturan gök bugdaýy derman bilen guradypdylar.

Welaýatyň daýhanlary ýyldan-ýyla her möwsüm suwaryş suwlarynyň, mineral dökünleriň, hem-de zerur tehnikalaryň ýetmezçiliginden şikaýat edýärler. Ýöne bular barada resmi düşündiriş berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynda 130 müň gektarda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi
Daşoguz welaýatynda 35 müň tonnadan gowrak şaly hasyly Watan harmanyna tabşyrdyldy
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi
Türkmen sürüjileri, başga çykalga bolmansoň, "örän agyr ýagdaýda" işleýärler
Şaly meýdanlary guraýan lebaply kärendeçiler döwlete bergili çykmakdan alada edýär
Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlary kemeldilýär, iş ýerleri ýapylýar, müňlerçe oba hojalyk işgäri işsiz galdy