Häzirki wagtda Daşoguz welaýaty boýunça biokärhanalaryň 122-si hereket edýär. Şolaryň 12 sanysy döwrebap üpjünçilikli biofabrikdir. Şu günler bu kärhanalarda oba hojalyk ekinlerini zyýanly mör-möjeklerden goramak boýunça möwsümleýin çäreler geçirilýär. Olarda öndürilmeli trihogrammanyň, gabrobrakonyň we altyngözlüjäniň enelik ugruny taýýarlamak işleri öz wagtynda amal edildi diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Köneürgenç etrabynyň pagtany gaýtadan işleýän kärhanasynyň ýanyndaky biolaboratoriýada, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň hem-de S.Türkmenbaşy etrabynyň Şirwan pagta arassalaýjy kärhanalarynyň ýanynda hereket edýän biokärhanalarda ekinleri ygtybarly goramak bilen bagly göwnejaý işler ýola goýuldy.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaçaly meýdanlaryň 1 gektaryna biokärhanalarda taýýarlanylýan altyngözlüjäniň 300 sanysy, trihogrammanyň hem 1 gramy iki gaýta ulanylýar. Gowaçanyň 1 gektaryna biokärhanalarda öndürilýän gabrobrakonlaryň 1 müň sanysy goýberilýär.