Daşoguzda KAMAZ okuw we hyzmat ediş merkeziniň gurluşyk işleri tamamlandy

Daşoguzda KAMAZ okuw we hyzmat ediş merkeziniň gurluşyk işleri tamamlandy

Daşoguz şäherinde KAMAZ ulaglaryny abatlamak boýunça okuw we hyzmat ediş merkezinde gurluşyk hem-de gurnama işleri tamamlandy.

Türkmenistan: Altyn asyr neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda täze desganyň işe girizilmegi üçin taýýarlanylan işleriň çäginde çekilen aragatnaşyk ulgamy we oturdylan enjamlar barlanýar.

KAMAZ ulaglaryny abatlamak üçin täze okuw we hyzmat merkezinde dolandyryjylar ýerleşýän iki gatly bina, abatlaýyş dükany we awtoulag ýuwulýan dürli desgalar guruldy. Merkeziň çäginde ammar, awtoulag duralgasy, dürli platformalar hem guruldy. Desganyň umumy tutýan meýdany 1 gektara barabar.

Okuw we hyzmat merkeziniň tutuş meýdany abadanlaşdyryldy hem-de yşyklandyryldy. Hünärmenleriň aýdyşyna görä täze binada kadaly işlemegi üpjün etmek üçin döredilen dürli tehniki desgalar hem bar. Işe girizilenden soň KAMAZ tehniki barlag we abatlaýyş işlerini goşmak bilen doly tehniki hyzmaty gurar.

Täze bina Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda KAMAZ awtomobillerini abatlamak we bejergi hyzmatlary boýunça okuw-hyzmat ediş merkezi gurulýar
“Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary” Daşoguzda “KAMAZ” tehniki hyzmat merkezini gurýar
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanylyp täze desgalar açyldy
Ýurdumyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli täze binalar açyldy
Daşoguz şäherinde “KamAZ” okuw-hyzmat merkezi açyldy
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar