Daşoguzda KAMAZ awtomobillerini abatlamak we bejergi hyzmatlary boýunça okuw-hyzmat ediş merkezi gurulýar

Daşoguzda KAMAZ awtomobillerini abatlamak we bejergi hyzmatlary boýunça okuw-hyzmat ediş merkezi gurulýar

Daşoguz şäherinde umumy meýdany bir gektar bolan KAMAZ awtomobillerini abatlamak we bejergi hyzmatlary boýunça okuw-hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy dowam edýär.

Bu ýerde dürli desgalar, şol sanda edara jaýlary bolan modul kysymly iki gatly bina, abatlaýyş bölümi we awtoulag ýuwalgasy gurlar. Merkeziň çäginde ammar, üsti ýapyk awtoulag duralgasy, dürli meýdançalar we beýlekiler gurlar. Täze binada merkeziň kadaly işlemegini üpjün edip biljek ähli zerur tehniki desgalar bolar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Merkez Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan welaýatyň edara ediş merkezinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda, şäherde gurulýan täze iri ýaşaýyş jaý toplumynyň ýanynda gurulýar.

Bu köp ugurly edara baglaşylan şertnamalaryň esasynda hereket etmek bilen, sebitde bar bolan KAMAZ ýük awtoulaglaryna ýokary derejede hyzmat eder.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda KAMAZ okuw we hyzmat ediş merkeziniň gurluşyk işleri tamamlandy
“Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary” Daşoguzda “KAMAZ” tehniki hyzmat merkezini gurýar
Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmenistanly şahyr Watany wasp edip ýeňiş gazandy
Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän sazçylyk festiwalyna gatnaşar