Daşoguzda ilatyň tamdyr ulanmagyna çäklendirme girizilýär

Daşoguzda ilatyň tamdyr ulanmagyna çäklendirme girizilýär

Daşogzuň häkimiýetleri ilatyň tamdyr ulanmagyna çäklendirme girizýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda regionda tamdyrlara çekilen gaz geçirijileri aýyrýarlar.

"Gaz ölçeýjileriň girizilmegi bilen tamdyrlara çekilen gaz turbalaryny kesip başladylar. Soňky wagtda bu köpçülikleýin häsiýete eýe boldy" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy 26-njy martda habar berdi.

Türkmenistanda halka gazyň, suwuň we elektrik togunyň mugt berilmegi geçen ýylyň güýzünde ýatyryldy we ölçeýjiler girizildi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Daşogzuň häkimiýetleri tamdyrlary ýaşaýyş jaýlardan 15 metr daşda gurmagy talap edýärler we muny ýangyn howpsuzlygy bilen düşündirýärler. Şeýle-de, tamdyrlaryň daşyna haýat gurmagy, üstünde demir saýawanyň bolmagyny talap edýärler.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu talaplary berjaý etmek aňsat däl.

"Yssyda demir saýawanyň golaýynda durmak mümkin däl. Bu zatlaryň bahasy hem azyndan 1000 manada durar" diýip, daşoguzlylar bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.

Tamdyr diňe bir oba ýerlerinde däl, eýsem şäherlerde hem köp ulanylýar. Daşoguzlylaryň sözlerine görä, öý çöregini bişirmezlik aýratynam girdejisi ujypsyz maşgalalara agyr düşýär.

"Daşogzuň özünde tamdyr çöregi bolmasa köp çagaly maşgalalar gün görüp bilmeýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, soňky döwürde odunyň bahasy hem göterilipdir. Şäheriň içindäki agaçlar hem köpçülikleýin çapylýar.

"Birnäçe ýyl mundan ozal odun traktoryň bir teležkasy 100-150 manada durýardy, indi bolsa 240-250 manada durýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň ilaty soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda çörek we un gytçylygyny başdan geçirýär. 2018-nji ýylyň dowamynda azyk önümleriniň gytalmagynyň we gymmatlamagynyň fonunda, paýtagtda we welaýatlarda çöregiň we unuň söwdasy uly nobatlaryň döremeginde amala aşyryldy, ilata çäklendirilip satyldy.

Welaýatlarda oba ýaşaýjylary çörek un satyn almak tamasy bilen gijelerine, käte birnäçe günläp ýapyk dükanlaryň öňünde nobata durupdy.

Ýurtda unuň gytçylygy zerarly ilat dänäni öýde üwemäge, kepekden çörek bişirmäge mejbur boldy.

Ozalky ýyllarda Türkmenistanyň häkimiýetleri şäher ýaşaýjylarynyň öz hasabyna gurdurýan sowadyjylaryny, telewizion antennalaryny kesip aýyrmak, daşarda kir sermek üçin oturdýan gurallaryny ýok etmek, pristroýkalaryny ýumurmak ýaly çärelerini sebäbini düşündirmezden giňden alyp bardylar.

​Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Köpelýär
Tigirli ýörişlere mejbury çekilen käbir býujet işgärleriniň burny ganady, käbirleri huşuny ýitirdi
Hindistanda Aşa Yssy Howa Sebäpli 16 Adam Ýogaldy
Pakistanda howanyň derejesi 54 gradusa golaýlady
Mekdeplerde okuwçylardan pul toplanýar, çagalar hapa hajathanalardan peýdalanmaly bolýar
Meksikada görülmedik yssy sebäpli maýmynlar şahadan jansyz gaçýarlar
Delide howa 48 gradus gyzdy