20-nji ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguza bardy diýip döwlet täzelikler gullugy TDH habar berýär.
Ol howa menzilinden ýolsuz ýerlerde gidýän ulagda çöl arkaly welaýatyň Gurbansoltan eje etrabynda gurulýan 500-kilowoltlyk liniýanyň ýerine gitdi.
Prezidente elektrik geçiriji liniýanyň (EGL) gurluşygy barada gürrüň berdiler we onuň dürli bölümleri boýunça taslamalary, kiçi stansiýany we Daşoguzyň döwlet elektrik stansiýasyny görkezdiler.
Energiýa ministri Hajymyrat Rejepmyradow ýurdyň elektrik stansiýalarynyň işleri, şol sanda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky 10 megawattlyk güneş we ýel elektrik stansiýalary bilen ilteşikli taslamalar barada gürrüň berdi.
Gurluşyk, senagat we energiýa boýunça wise-premýer Çarymyrat Pürçekow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan EGL-niň Mary döwlet elektrik stansiýasyndan “Watan” GESine çenli bir böleginiň gurluşygy, şeýlede Owganystanyň Mazari Şerif şäherinden Kabula çekiljek lliniýalaryň meýdany bilen bagly meýilnamalar hakynda hasabat berdi.
Bu hasabatlardan soňra Berdimuhamedow energiýa mowzugy barasynda iş mejlisini geçirdi. Onuň sözlerine görä, tebigy baýlyklary Türkmenistany dünýäniň iri energiýa döwletleriniň birine öwürdi. Prezident ýurdyň ilatynyň tok bilen bökdençsiz üpjün edilýändigini we Owganystana, Özbegistana, Eýrana hem Gyrgyzystana elektrik energiýa satýandygyny, geljekde Özbegistan we Eýran arkaly üçünji ýurtlara satmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Mejlisiň ahyrynda Daşoguzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow Balkan-Daşoguz halka energiýa ulgamynyň gurluşygynyň dürli meseleleri boýunça gymmatly maslahatlary üçin welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan prezidente minnetdarlyk bildirdi.
Mundan soňra Berdimuhamedow Görogly etrabyndaky towuk ferma tarap ýola düşdi. Ol ýerde towuk fermanyň işleri barada prezidente gürrüň berdleri we onuň önümlerini görkezdiler.
Fermanyň işçileriniň birisi eline dutar alyp, prezidentiň şanyna ýazylan dessany aýdyp berdi.
Prezident mundan bir hepde owal Balkana побывал barypdy, ýylyň başlarynda bolsa, Mary we Lebap welaýatlaryna sapar edipdi.The post Daşoguzda gurluşygy gidýän elektrik geçiriji liniýany, towuk fermany Berdimuhamedowa görkezdiler we onuň şanyna ýazylan dessany aýtdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.