Türkmenistanda möwsümleýin gök-bakja ekinleriniň ýetişýän döwrüne garamazdan, ýurduň bazarlarynda bu harytlaryň bahalary günsaýyn gymmatlamagyny dowam etdirýär. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleriniň ýurtda “azyk bolçulygynyň gazanylandygyny” ynandyrmaga synanyşýan pursady, Daşoguz welaýatynda polisiýa işgärleri ýerli ýaşaýjylara bakjalarynda ýetişdiren önümlerini satdyrman, olary bazarlardan kowýarlar.
Häzirki wagt Daşogzuň bazarlarynda gök, miwe önümleriniň geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende telim esse gymmatlandygyny görse bolýar.Mysal üçin, sebitde ýetişdirilýän “wolgograd” sortly pomidoryň bir kilogramynyň bahasy geçen ýyl 2 manat bolan bolsa, ol häzir 5 manatdan satylýar.
Mundanam başga, demirgazyk welaýatyň bazarlarynda käşiriň bir kilogramy 7-10 manat, hyýaryň bir kilogramy 5 manat, ýerli almalaryň hem iň arzany 7-10 manat aralygynda satylýar.
Ýokarda beýan edilen ýagdaýlary ýurduň beýleki künjeklerindäki bazarlarynda hem synlasa bolýar.
Get Adobe Flash Player
Embed
Paýlaş
Azyk bolçulygy: resmi media we durmuş
Embed
Paýlaş
The code has been copied to your clipboard.
width
px
height
px
The URL has been copied to your clipboard
No media source currently available
0:00
0:01:02
0:00
Ýükle
270p | 2,9MB
360p | 4,7MB
720p | 9,1MB
1080p | 19,0MB
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bilen söhbetdeş bolýan ýerli daýhanlar möwsümleýin gök-miwe önümleriniň bahalarynyň gymmatlamagyna, beýleki ýagdaýlar bilen birlikde, ýylyň juda gurak gelmeginiň we suw üpjünçiligindäki bökdençlikleriň sebäp bolandygyny belleýärler.
Emma, döwlet mediasy ýurtda azyk önümleriniň bahalarynyň we durmuşyň yzygiderli gymmatlamagy barada dymyp, munuň deregine, ýurtda “azyk bolçulygynyň üpjün edilendigini” öňe sürüp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy öwýän reportažlarynyň depginini güýçlendirýär.
Bu aralykda, Daşoguzda polisiýa ýerli ýaşaýjylaryň öz bakjalarynda ýetişdiren gök-miwe önümlerini satdyrman, olary bazarlardan çykaryp, kowýar. Azatlyk Radiosyna gowşan wideo ýazgyda “Daýhan bazarynda” polisiýa işgärleriniň aýal satyjylaryň üstüne kemsidiji sözler bilen gygyryp, olara berk daraşýan pursatlaryny synlasa bolýar.
Get Adobe Flash Player
Embed
Paýlaş
Daşoguz: Polisiýa satyjylary bazardan kowýar
Embed
Paýlaş
The code has been copied to your clipboard.
width
px
height
px
The URL has been copied to your clipboard
No media source currently available
0:00
0:00:17
0:00
Ýükle
270p | 952,8kB
360p | 1,5MB
720p | 3,4MB
1080p | 7,8MB
Wideony ugradan daşoguzly häkimiýetleriň bu çärelere hiç hili düşündiriş bermeýändigini hem sözüne goşdy.
“Adamlar açlygyndan ölýärler. Howanyň gyzgynlygy 45 gradusdan hem aşýar. Adamlar maşgalalaryny eklejek bolup, jan edýärler. Bular bolsa, garşy çykýarlar” diýip, ol belledi.
Azatlyk Radiosynyň Daşogzuň häkimiýetlerinden we polisiýa wekillerinden bu ýagdaýlar boýunça kommentariýa almak synanyşyklary hiç hili netije bermedi.
Şol bir wagtda, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň fonunda gök-bakja önümleri bilen birlikde, beýleki, esasan hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň bahalary gün-günden ýokarlanýar.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-telegram {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-telegram img {
width: 60px;
}
#GR-952-telegram:hover {
outline: 2px solid #61a8de;
}
#GR-952-telegram .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-telegram span {
color: #61a8de;
}
#GR-952-telegram p {
font-size: 18px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-telegram p {
font-size: 21px;
}
#GR-952-telegram img {
width:130px;
}
}
Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň
Daşoguzda daşary ýurtda öndürilen diş pastasy öň 2 manat bolan bolsa, häzir ol 18 manatdan satylýar. 0,5 litrlik “Baržomi” gazly suwunyň bahasy öň 5 manat bolan bolsa, häzir ol 46 manada deň.
Mundanam başga, soňky hepdäniň dowamynda Daşoguzda etiň bahasy 80% gymmatlap, ol 32 manatdan 58 manada çenli ýokarlandy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan dowam edýän ykdysady gowuşgynsyzlygyň hem-de azyk ýetmezçiliginiň fonunda, soňky bir ýylyň dowamynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça iki gezek pudagara topar döretmek barada karar kabul etdi.
Emma, birinji toparyň döredilmeginden sekiz aý, ikinjiden hem bir aý töweregi wagt geçendigine garamazdan, Türkmenistandaky krizisiň alamatlary has-da ýitileşdi, gytalýan we gymmatlaýan harytlar barada peýda bolýan maglumatlaryň yzy üzülmedi.