7-nji sentiýabrda Daşoguzyň häkimiýetleri garaşylmadyk ýagdaýda kafeleri, eglenje ýerlerini, gözellik salonlaryny we dellekhanalary açmaga rugsat berdiler.
Olary koronawirus ýokanjyna garşy profilaktiki çäreler bilen ilteşikli 3-nji sentiýabrda ýapmak barada eýelerine buýruk berilipdi diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.
“Perizat”, “Altyn saç”, “Täç saç” we beýleki salonlar adaty tertipde işleýärler, Şol güni orta mekdepleriniň ýokary klas okuwçylary hem mekdeplere gitdiler.
Mundan başgada, 7-nji sentiýabrda ÝOJ-nyň 3-4 synp studentleriniň otly bilen Daşoguzdan Aşgabada iberilmegine garaşylýar. Olaryň tizlikde okuwy başlanmaly we studentler garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen bagly repetisiýalara hem gatnaşmaly.
Şeýlede 29-njy awgustda studentleri Aşgabatdan sebitlere iberdiler.
Bilim ministrligi ilkibaşda munuň sebäplerini studentleriň uzakdan okamak tertibine geçmegi bilen baglydygy barada düşündiriş berdi. Indi bolsa, olaryň praktika ýollanylandygyny belleýär.
Paýtagt babatda aýdylanda bolsa, 7-nji sentiýabrda 1-3 synp okuwçylaryny iki topara böldüler.Ilkinji topar irden sagat 8-den 10-a çenli okasa, ikinji topar ir sagat 10-dan 12-ä çenli okarlar.
Hut şeýle usul geçen ýyl hem ulanylypdy.
Aşgabatdaky umumy iýmit merkezleri we gözellik salonlary barada aýdylanda bolsa, olaryň ählisi owalkysy ýaly ýapyk.The post Daşoguzda garaşylmadyk ýagdaýda kafeleri we dellekhanalary açmaga rugsat berdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.