Daşoguzda duzly tupanyň netijeleri “ýuwulýar”; hökümet dymmagyny dowam edýär

Daşoguzda duzly tupanyň netijeleri “ýuwulýar”; hökümet dymmagyny dowam edýär

Daşogza dynç günleriniň dowamynda gelen duzly apy-tupandan soň, sebitde kärendeçi daýhanlar we býujet işgärleri gowaçanyň we baglaryň üstüne düşen duz gatlaklaryny ýuwmak işlerine çekildiler.

“Şu gün, ýagny 29-njy maýda daňdandan bäri daýhanlar we býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar hem eginlerine asylan derman sepilýän enjamlary bilen gowaçanyň we baglaryň üstüne ýygnanan duzlary ýuwup başladylar. Daşogza göýä gar ýagana meňzeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy gürrüň berdi.

Ýatlatsak, Daşogza 27-nji maý güni gelen harasatyň netijesinde duz sebitiň pagta we bugdaý meýdanlaryny, gök-bakja ekinlerini gurşap alypdy; käbir obalarda duzuň gatlagy 1 sm çenli baryp ýetipdi.

Get Adobe Flash Player

Embed

Paýlaş

Daşogzy duzly apy-tupan gurşap aldy

Embed

Paýlaş

The code has been copied to your clipboard.

width

px

height

px

The URL has been copied to your clipboard

No media source currently available

0:00

0:01:07

0:00

Ýükle

270p | 2,7MB

360p | 3,2MB

720p | 7,5MB

Bu ýagdaýlaryň sebitiň ekerançylygy bilen birlikde maldarçylyk pudagyna hem uly zyýan ýetirendigine üns çekilýär.

“Tut ýapraklaryny hem duzuň basandygy sebäpli, ýüpek gurçuklary ýapraklary iýmeýärler. Bu onsuz hem öz zyýanyna mejbury işledilýän pileçilere goşmaça kynçylyk döretdi. Häzir tut ýapraklaryny ýekän-ýekän ýuwup, suwuny esgi bilen süpürip gurçuga berýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy gürrüň berdi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Öri meýdanlaryny hem tutuşlygyna duz basdy. Ownuk we iri şahly mallar otlary iýmeýärler. Maldarçylyk hojalyklary uly zyýana galandyklaryny, eger-de ýagyş ýagyp meýdanlardaky duzy ýuwmasa, onda kyn güne düşjekdiklerini aýdýarlar” diýip, gürrüň berdi.

Mundanam başga, býujet işgärleri sebitdäki edara binalarynyň üstündäki duz gatlaklaryny ýuwmak işlerine hem mejbury çekildiler.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

Duzly apy-tupanyň gelen pursady kärende ýerlerinde ýa-da meýdanda bolan adamlaryň teninde her dürli ýaralaryň hem çykandygy bellenilýär.

Galyberse-de, türkmen hökümeti tebigy harasat we onuň netijeleri barada dymmagyny dowam edýär.Hatda duzly tupanyň ertesi güni geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda, Daşogzyň häkimi duzly tupan barada kelam agyz söz aýtman, ol “obasenagat toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk görmek hem-de gowaça ideg etmek, sebitiň durmuş we senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilişiniň we şaly ekişiniň barşy” barada hasabat berdi.

Türkmen prezidenti hem öz gezeginde, “gowaça ideg etmek boýunça göz öňünde tutulan hemme agrotehniki çäreleri öz wagtynda berjaý etmegiň zerurdygyny nygtamak” bilen çäklendi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

Şol bir wagtda, galla hasylyny dolmak boýunça kärendeçi daýhanlara hasam köp basyş edilip başlanandygy barada maglumat gowuşýar.

“Hukuk goraýjy edaralary, esasan hem prokuraturanyň we polisiýanyň degişli gulluklary, gije-gündiz potratlarda, hem-de ekin meýdanlarynda gözegçilik edýärler. Galla öndürmek üçin oňaýly şertler bolmadyk sebitlerde hem, galla planyny doldurmak üçin yzygiderli ýygnaklar geçirilýär. Häkimleriň bolsa, bar aladasy öz geljekleri. Sebäbi köp welaýatlarda suw geçen ýylkylara görä has az boldy” diýip, Azatlyk Radiosyna ýerli daýhanlaryň biri maglumat ýollady.

Bu aralykda, Daşogza gelen tebigy harasatyň netijesinde zyýan çeken ekerançylyk we maldarçylyk pudagyndaky kärendeçilere hökümet tarapyndan nähilidir bir ýeňillikleriň döredilip-dörediljemekdigi barada häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Berdimuhamedowyň 15-nji awgustda Orsýete sapar etmegine garaşylýar
Berdimuhamedowyň nobatdaky zehini’: awto-inženerçilik
Migrasiýanyň başlygynyň talabyndan soň gidýän we gelýän raýatlara degilmeýändigi aýdylýar
Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozan ýagýar
Daşoguzda gök-bakja ekinleri gymmatlaýar, polisiýa söwdegärleri bazardan kowýar
Berdimuhamedow krizis döwründe kaşaňdan-kaşaň myhmanhana gurdurýar
Prezident Berdimuhamedowyň ýerine ýetirmegindäki 'Garagum' aýdymy özbek hit-paradyna girdi