
Daşoguz welaýatynda döwlete degişli jemgyýetçilik awtobuslarynyň onlarça sürüjisi wagtlaýyn işini taşlady ýa-da doly işden çykdy. Muňa sürüjileriň döwlete gündelik tabşyrmaly pul serişdesiniň möçberiniň birden ýokarlandyrylmagy sebäp boldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy fewralda sebitden maglumat berdi.
“Jemgyýetçilik awtobus sürüjileriniň onlarçasy işini taşlandygy ýa-da işine barmaýandygy sebäpli, häzir etraplaryň arasyndaky awtobuslaryň köpüsi gatnawyny bes etdi. Onlarça awtobus "Daşoguzawtoulag" önümçilik birleşiginiň awtoduralgasynda dur” diýip, ýagdaýlardan habarly daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Awtobus gatnawlarynyň bes edilmegi netijesinde, ilat jemgyýetçilik transportlarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýaşaýjylaryň köpüsi hususy eýeçilikdäki “Gazelle” kysymly mikro awtobuslaryň hyzmatyndan peýdalanmaly bolýar.
“Bu köp ýaşaýjy üçin aşa gymmat düşýär. Sebäbi döwlete degişli jemgyýetçilik awtobuslarynyň tölegi 5 manat bolsa, mikro awtobuslaryň tölegi 15 manada barabar bolýar. Ýöne häzir ilat transportyň bu görnüşinden peýdalanmaga mejbur bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Ýurduň demirgazyk welaýatynda dörän bu ýagdaýa, 1-nji ýanwardan başlap, sebitde jemgyýetçilik awtobuslarynyň sürüjileriniň döwlete geçirýän gündelik töleginiň 30-40 göterim ýokarlandyrylmagy sebäp boldy.
“Täze tölege laýyklykda, her ugra gatnaýan awtobus sürüjileriniň gündelik töleginiň üstüne ýene 150-200 manat goşuldy” diýip, awtobus sürüjileriniň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Sürüjileriň ençemesiniň tassyklamagyna görä, mysal üçin, häzir Gurbansoltan eje etrabyna gatnaýan awtobus sürüjileri 700 manat, Akdepe etrabyna gatnaýan awtobus sürüjileri 620 manat tölemeli bolýarlar.
“Mundan ozal olaryň gündelik tölegleri degişlilikde 500-470 manada barabardy” diýip, başga bir awtobus sürüjisi anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, "Daşoguzawtoulag" önümçilik birleşiginiň resmileri tölegleriň ýokarlandyrylmagyny olaryň awtobuslardaky oturgyç sanyna görä kesgitlenendigi bilen düşündirýärler.
“Mysal üçin, “Toyota Coaster” kysymly awtobusyň içinde 28 adamlyk ornuň bardygy we her bir gatnawda şonça adamyň sürüjä töleg geçirýändigini aýdýarlar. Ýöne awtobusa maýyplygy bolan adamlar we gahryman ene adyna eýe bolan raýatlar münse, onda sürüjiler şol ýolagçylaryň tölegini öz jübülerinden döwlete geçirmeli bolýarlar.
Sebäbi döwlet kärhanasy awtobuslara, hamala, bu raýatlar münmeýän ýaly edip, gündelik tölegi kesgitleýärler” diýip, sürüji belledi.
Mundan başga-da, her ugra ýa-da etraba gatnaýan awtobuslaryň sany hem artdyryldy. Ýagny öň her ugra 2-3 awtobus gatnan bolsa, indi olaryň sany 7-8-e ýetdi.
“Sürüjileriň tölemeli tölegi artdy, ýöne awtobuslaryň köpelendigi sebäpli, her awtobusa münýän müşderileriň sany azaldy. Bu, sürüjilere uly zarba bolup, olar gündelik gazanýan puluny tas ählisini döwlete geçirmeli boldular” diýip, daşoguzly sürüji belledi.
Habarçymyz mundan 20 gün çemesi ozal işlerini taşlan Görogly etrabynyň sürüjileriniň bu ýagdaýlar barada “Türkmenawtoulaglary” agentligine arza ýazandygyny, ýöne heniz-de hiç hili jogabyň ýokdugyny aýdýar.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada “Daşoguzawtoulag” önümçilik birleşiginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň web sahypasynda bu birleşige degişli bölümde sebitde alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelýändigi, 31 ugur boýunça ýolagçy awtoulaglarynyň adaty iş tertibinde hereket edýändigi bellenilýär.
“Ýolagçy gatnatmak hyzmatlary ýerine ýetirmek bolsa Paz-32054, Iran-Hodro04 we Hyundai Areo City ýolagçy awtoulaglary bilen doly derejede üpjün edilendir” diýlip, maglumatda bellenilýär, ýöne onda sebitde onlarça sürüjiniň işini taşlandygy, munuň sebäpleri we ilata ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýdylmaýar.
Bu aralykda, häzir işden doly çykmaga çalyşýan sürüjileriň ençemesi goşmaça bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Olaryň tassyklamagyna görä, kärhana resmileri işden çykyp, daşary ýurda gitmäge çalyşýan sürüjileriň zähmet kitapçasyny bermekden ýüz öwürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.