Türkmenistanda döwlet tarapyndan halka mugt berilýän hyzmatlaryň tölegli edilmegi halky çykgynsyz ýagdaýa düşürýändigi we olaryň täze düzgünlere nägileligini güýçlendirýändigi habar berilýär. Aýdylşyna görä, ýatyrlan mugt hyzmatlaryň fonunda çagalar bagynyň töleginiň ençeme esse ýokarlandyrylmagy käbir nägile adamlaryň protest ýöreýşini gurnamagyna sebäp bolýar.
Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Daşoguz welaýat häkimliginiň we welaýat bilim bölüminiň işgärleri şäher merkezinde nägilelik ýöreýşiniň geçirilendigini tassyklap, bu barada jikme-jik maglumat berdiler.
Olaryň gürrüň bermegine görä, Daşoguz şäherinde aglabasy aýallardan ybarat bolan topar ilki bilen arzyny diňletmek üçin, welaýat bilim müdirligine ýöriş çäresini gurnapdyrlar. Welaýat bilim bölüminde bir resminiň "şäher häkimligine gidip, arzyňyzy ýetiriň" diýen maslahatyndan soň, nägilelik ýörşini gurnaýan köpçülik Daşoguz şäher häkimligine tarap hereket edipdir.
Olaryň nägilelik ýörişýi gurnaýandygy baradaky habar hemme ýere ýaýransoň, Daşoguz şäher häkimligine ýetmänkäler, Jaý üpjünçiligi edarasynyň öňündäki meýdançada, ýol "OMON" diýilýän Içeri işler ministrliginiň ýörite tälimli güýji tarapyndan ýapylyp, soň hem protestçiler başga ýere gitmez ýaly, daşy gabalyp saklanypdyr.
Nägilelik ýörişini gurnaýanlara Daşoguz şäher häkiminiň orunbasary bilen welaýat häkiminiň bilim baradaky orunbasary töwella barypdyr, ýöne resmiler halk köpçüligine ýüze çykan meseläniň nähili we haçan çözüljegi barasynda hiç hili wada bermändir.
Bu barada "Türkmenistanyň hronikasy" neşiri 10-njy oktýabrda çap eden maglumatynda, Çagalar bagynyň töleginiň 10 esse gymmatlamagy sebäpli daşoguzly ýaşaýjylaryň protest aksiýasyny nägilelik ýörişini geçirendigini habar beripdi.
Ýene-de bir bellemeli ýagdaý, protestçilere arzyny şäher häkimligine ýetirmegini aýdan welaýat bilim müdirliginiň resmisine garşy, wakanyň yzýanyndan şol gije iki esasa görä, ýagny "Halky döwlete garşy öjükdirmekde we prezidentiň halkyň durmuşyny hasam gowulandyrmak üçin edýän aladalaryna äsgermezçilik etmekde" aýyplama öňe sürlüpdir" diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýat häkimligindäki we welaýat bilim bölümindäki çeşmeleri aýdýarlar.
"Türkmenistanyň hronikasy" neşiriniň habarynda, şol bir wagtyň özünde "Täze girizilen töleg düzgüninden nägile bolan adamlaryň onlarçasy diňe Daşoguzda däl, ýurduň demirgazyk regionynyň beýleki etrap merkezleriniň hem käbirinde proteste toplandy" diýilýär.
Azatlyk Radiosyna maglumat beren Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň bir hukuk goraýjy işgäri hem muny tassyklamak bilen, diňe bir welaýat merkezinde däl, eýsem etraplarda hem halkyň öz nägileligini ýerli häkimiýetlere baryp bildirendigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjylary täze girizilen töleg düzgünini eşiden badyna ýerli häkimiýetlere baryp diňe bir öz nägileligini bildirmän, ol ýerde resmiler bilen uruş hem turzupdyrlar.
"Boldumsaz etrabynda sekize golaý çagalar bagy bar we halkyň bildiren güýçli nägileligi sebäpli, ýerli häkimiýetler olary häzirlikçe açmaly däl etdiler. Ýerli resmiler halka beren düşündirişinde, çagalar bagynyň suw, gaz we elektrik energiýasynyň tölegli boljagy üçin, bahalaryň gymmatlandygyny aýdypdyr.
Etrap resmileri adam başyna talap edilýän täze tölegleri ýagdaýy ýetenler bersin, şolaryň ýörite sanawyny taýýarlaň.Biz ondan soň şolaryň adam sanyna ýeterlik çagalar bagyny hyzmata girizeris diýdiler.Bu gezek töleglere gurby çatmaýan ýaşaýjylar resmiler bilen uruş turuzdy.
Olar Türkmenistan döwletiniň öz çagalaryny tölegsiz bilim bilen üpjün etmäge borçludygyny öňe sürýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky çeşmesi aýdýar.