Daşoguzda bolan ýol heläkçiliginde bäş adam öldi

Daşoguzda bolan ýol heläkçiliginde bäş adam öldi

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezinden iki kilometr çemesi uzaklykda, Daşoguz ýolunyň ugrunda uly ýol hadysasy boldy. 19-njy iýulda üç ýeňil awtoulagyň gatnaşmagynda bolan hadysada bäş adam heläk boldy we başga-da alty raýat agyr ýaralandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

“Bäş raýat ýol heläkçiliginiň bolan ýerinde wepat boldy. Olaryň iki sanysy gyz we bir sanysy 23 ýaşly ýigit eken. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan bu ýaşlar tomusky dynç alşynda öýlerine gelip, resminamalaryny taýýarlaýan ekeni” diýip, ýagdaýlardan habarly polisiýa işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, ýogalanlaryň ýene ikisi Aşyr Kakabaýew daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary bolup, olaryň biri ýeňil ulaglaryň biriniň sürüjisi eken.

Habarçymyz polisiýa we saglyk işgärleriniň birnäçesine salgylanyp, ýol hadysasynda agyr ýaralanan alty raýatyň 22-nji iýula çenli Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasynda saklanýandygyny we olaryň janyny saklap galmak ugrunda tagalla edilýändigini aýtdy.

“Daşoguz welaýat hassahanasyndan we Aşgabatdan tejribeli trawmatologlardan, hirurglardan we reanimatorlardan ybarat lukmanlar topary ugradyldy. Şeýle-de, içinde göçme reanimasiýa enjamlary bolan ýörite tiz kömek ulaglary hem geldi. Olar agyr näsaglary halas etmäge synanyşýarlar” diýip, etrap hassahanasynyň bir lukmany anonim şertde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, lukmanlar toparynyň we ýörite tiz kömek ulaglarynyň ugradylmagyna, etrap hassahanasynda tejribeli lukmanlaryň we zerur bolan lukmançylyk enjamlarynyň ýetmezçilik etmegi sebäp bolupdyr.

“Enjamlaryň ýetmezçiligi we bar bolan enjamlaryň hem gaty könelişendigi, agyr şikes alanlaryň janyny saklap galmak mümkinçiligini azaldýar. Näsaglary gozgamagyň hem mümkin däldigi sebäpli, lukmanlar topary we göçme reanimasiýa enjamlary bolan ýörite tiz kömek ulaglary iberildi” diýip, lukman belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň polisiýa we saglygy goraýyş bölümlerinden, şeýle-de agzalýan hassahanadan resmi teswir alyp bilmedi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi sebitde ýyllarboýy ünsden düşürilýän ýaramaz ýollaryň adam pidalaryna getirýän ýol-ulag hadysalaryna sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Mundan başga-da, olar ýol polisiýasy tarapyndan soralýan paranyň hasabyna köçe-ýol hereketi bilen bagly islendik düzgün bozulmalaryň üstüni ýapyp bolmagyň hem, ýol hadysalarynyň çenden aşa köpelmegine getirendigini aýdýarlar.

“Saparmyrat Türkmenbaşyda 60 km tizlik bilen hereket etmeli ýerde 80 km tizlik bilen herek edip barýan ulagy radarly ýol polisiýasy saklasa, 30 manat para bermeli, 90 km tizlik bilen hereket etmeli ýolda 120 km tizlikde saklanan sürüji 80 we 100 manat para bermeli. Şeýle bolanda, ýerinde resminama görkezmezden çözüp bolýar. Ýol polisiýasy para almagy mäş satança hem görmeýär, indi her tizligiň näresmi öz bahasy hem bar” diýip, daşoguzly sürüji anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk ýol polisiýasynyň ulag sürüjilerinden para almagy bilen bagly ýagdaýlar barada onlarça gezek maglumat taýýarlady.

Şeýle-de, ýerli synçylar Içeri işler ministrliginiň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan sürüjilik şahadatnamalarynyň paýlanylmagynda ýol berilýän düzgün bozmalary, parahorlygy ulag hadysalarynyň sebäpleriniň hatarynda agzaýarlar.

Türkmenistanda şu ýylyň ilkinji alty ýarym aýynyň dowamynda diňe Azatlygyň habar beren aýrybaşga sekiz ýol hadysasynda azyndan 36 adam heläk boldy, başga-da onlarça adam ýaralandy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň çäginde hasaba alynýan ulag hadysalary we olaryň ýol açýan netijeleri barada hasabat bermeýär. Berk döwlet gözegçiligindäki resmi media hem, ýurtda adam pidalaryna getirýän ulag heläkçilikleri barada asla maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Eýran türkmenler üçin meşhur lukmançylyk ugruna öwrülýär
Diňle: Eýran türkmenler üçin meşhur lukmançylyk ugruna öwrülýär
Onkologiýa näsaglary hassahanalardaky hyzmatlaryň 'howpludygyny' aýdýarlar
Türkmenistan Türkiýeden müňden gowrak raýatyny getirip, olarda jynsy ýollar bilen geçýän keselleriň bardygyny ýa ýokdugyny barlaýar
Saglyk pudagyndaky 'näsaglyklar' hökümet öwünjeňliginiň 'aşagynda galýar'
Aşgabatda ýyladyş turbalary gyssagly çalşylýar; Türkmenbaşyda ýaşaýjylar aşhana gazy bilen ýylynýar