Daşoguzda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýy anyklanylýan täze desgalar açyldy

Daşoguzda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýy anyklanylýan täze desgalar açyldy

Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň binasynyň açylyş dabarasy boldy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň, polisiýa edaralarynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi.

Ulanmaga berlen döwrebap bina gysga wagtda we ýokary hil derejesinde guruldy.

Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş desgasynyň işi, iş otaglary, olaryň döwrebap derejede enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar.

Şeýle-de şu gün Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Akdepe etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň täze binasynyň açylyş dabarasy hem uly ruhubelentlige beslendi.

Bu binalar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşigi tarapyndan guruldy.

Ýene degişli makalalar

Içeri işler edaralaryndaky çeşmeler Lebapda öz janyna kast edýän adamlaryň sanynyň artýandygy aýdýar
Daşary ýurtlara gitmäge "ýardam bermegi hödürleýän" hilegärleriň pidasy bolýan adamlar köpelýär
Ymamlar “syýasaty goldamak” wagyzlaryny ýaýbaňlandyrdy, metjitlerde aýakgap ogurlygy köpeldi
PÝGG başlyklary sürüjilik şahadatnamasynyň öwezine 'käbir aýallary gatnaşyga zorlamakda aýyplanýar'
Arkadagda döwlet ýolbaşçylarynyň portretleriniň we heýkelleriniň aşagynda meýdan eden gurluşyk işçileri welaýatlaryna iberildi
Türkmenabatda töleg terminallarynyň döwlüp talanmagyna degişli hadysalar köpeldi
Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ulag bilen hüjüm guraldy