Daşoguzda açylan köpugurly we onkologiýa hassahanalary halkara güwanamalaryna mynasyp boldy

Daşoguzda açylan köpugurly we onkologiýa hassahanalary halkara güwanamalaryna mynasyp boldy

Şu gün — 27-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna ilkinji toý saparynyň çäklerinde açylyp ulanmaga berlen täze lukmançylyk edaralary — 450 orunlyk köpugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy abraýly halkara güwänamalaryň hem birnäçesine mynasyp boldy. Olar açylyş dabaralaryna gatnaşmaga gelen daşary ýurtly bilermenler tarapyndan gowşuryldy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasyna we onkologiýa hassahanasyna Niderlandlar Patyşalygynyň Philips Medical Systems kompaniýasy tarapyndan Sebitde innowasion enjamlar bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahana diýen halkara güwänamalar, Germaniýanyň halkara KTQ International GmbH guramasy tarapyndan näsaglara edilýän hyzmatyň, hassahananyň dolandyrylyşynyň, howpsuzlygynyň, maglumat we aragatnaşygyň, kliniki töwekgelçilikleri dolandyrylyşynyň, iş şertleriniň halkara standartlara laýyk gelýändigini kepillendirýän güwänamalar, hassahanada ulanylan materiallaryň we enjamlaryň tehniki häsiýetnamalara we düzgünnamalara doly laýyk gelýändigini kepillendirýän ISO 9001 güwänamalary, hassahanada ulanylan enjamlaryň we alnyp barylan gurluşyk işleriniň daşky gurşawa zyýanlylygynyň ýokdugy barada ISO 14001 güwänamalary gowşuryldy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Daşoguzda iki sany hassahana açdy
Daşoguzda täze açylan hassahanalara halkara güwänamalar gowşuryldy
Arkadag şäherine 21 sany halkara sylag
Arkadag şäherinde 350 orunlyk döwrebap köpugurly hassahana açyldy
Saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy
Baýramaly şäherinde durky täzelenen we täzeden enjamlaşdyrylan hassahana açyldy