Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky hem-de 27-nji oktýabr daýhan birleşiklerinde 8100 gektar ýerde şaly ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.
Etrabyň tüwi öndürýän kärhanasynda şu ýylyň hasyly üçin 1900 tonnadan gowrak şaly tohumy taýýarlanyldy. Tohumlaryň esasy bölegini ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan Nöküs-2, Müňbaşy, Bereketli, Ellenga görnüşleri düzülýär.
Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda berilýän habara görä, şalyçylyk hojalyklarynda sürüm, tekizleýiş işleri gysga möhletlerde geçirildi.
Tehniki-guramaçylyk işleriniň utgaşykly ýola goýulmagy netijesinde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly traktorlarynyň 5-si iki çalşykda bökdençsiz işledildi. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň her biriniň güýji bilen günde 50 — 60 gektar ýer sürlüp, bu datly nygmatyň ekişini aýny wagtynda geçirmäge doly taýýar edildi.
Häzir bolsa şalyçy kärendeçiler özlerine berkidilen ýerleriň töwerek-daşyny hapa-haşal otlardan arassalap, aralap geçýän suw akabalaryny gazmak işlerini ýerine ýetirýärler.