Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalar üçin sahna oýnuny taýýarlady.
Hoş geldiň, Täze ýyl! atly sahna oýnunyň režissýory Bekmyrat Hallyýew we bu sahna oýny Tirkeş Garlyýewiň sssenariýasy esasynda taýýarlanyldy. Islendik ertekide bolşy ýaly, oýnuň ýordumy özüne çekiji we ýaş tomaşaçylar üçin jadyly baýramçylyk ruhuny döredýär.
Yzgytsyz jadygöý kempir, Böwenjik we Garga çagalaryň hem beýleki oňyn keşpleriň Täze ýyl baýramyny bellemegine päsgel bermekçi bolýarlar. Ýöne olaryň ähli hilelerine garamazdan, Balyk, Towşan, Alabaý ýaly oňyn gahrymanlaryň we beýlekileriň agzybirligi, ugurtapyjylygy hem tutanýerliligi netijesinde, oýnuň ahyrynda Täze ýyl baýramçylygy bellenilýär we ertekiniň gahrymanlarynda bolşy ýaly, söýgüli haýwanlary hakda çyn ýürekden alada etjek ýaş tomaşaçylarda-da şatlyk hem lezzet duýgusyny döredýär.
Baýramçylyk sahna oýnuna teatryň Ş.Saryýew, A.Saryýewa, N.Hydyrowa, L.Rejebowa, L.Gafurowa we başga zehinli ýaş artistleri gatnaşýarlar.
Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işgärleri öz döredijilik işlerinde hemişe-de ýaş nesil bilen işleşmäge uly üns berýärler we oýunlaryny çaga terbiýesinde täsirli güýje öwürmäge çalyşýarlar.
Onuň repertuarynda dostluk, özara kömek we goldaw hakda gürrüň berýän çagalar üçin Azaşan owlajyk ýaly aýdym-sazly erteki hem bar.Bu sanawy ýakyn wagtda çagalar üçin goýlan täze aýdym-sazly erteki Jadyly söz dowam etdirip biler.
Dramaturg Aýmämmet Işangulyýewiň adybir eseri boýunça bu oýny sahnalaşdyrmagyň üstünde režissýor Guwanç Baýmedow işleýär.