Daşoguz welaýatynyň ilkinji häkimi Sapargeldi Motaýew aradan çykdy

Apreliň başynda garaşsyz Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň ilkinji häkimi Sapargeldi Motaýew 73 ýaşynda aradan çykdy. Motaýew saýlawlaryň ýatyrylmagyna we Saparmyrat Nyýazowyň ygtyýarlyklarynyň awtomatiki usulda uzaldylmagyna bildiren goldaw sözleri bilen tanalýar.

Sapargeldi Motaýew 1947-nji ýylyň 13-nji fewralynda Daşoguz welaýatynyň Könürgenç etrabynyň “Oktýabr” kolhozynda doguldy.

Türkmen döwlet oba hojalyk institutyny (1969), Daşkentdäki ÝPM-ni (1987) tamamlady.

1972-nji ýyldan bäri SSKP-niň agzasy.

1969 Könürgençdäki kolhozara iým bazasy fermasynyň müdiri;

1969-71 Sowet goşunlarynyň hatarynda gulluk etdi;

1971 Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç ertap oba hojalyk müdirliginiň baýry zootehnigi;

1973 “Moskwa” kolhozynyň partiýa komitetiniň başga işlerden boşadylan sekretary;

1974 TKP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri;

1978 Köneürgenç ertap oba hojalyk müdirliginiň başlygy;

1982 Daşoguz welaýat oba hojalyk müdirliginiň başlygy;

1982 TKP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň 1-nji sekretary;

1988-90 TKP-niň Oktýabr etrap komitetiniň 1-nji sekretary;

TKP-niň ХХIV gurultaýynda (maý, 1990) TKP MK-nyň Býurosynyň agzalygyna saýlandy;

TSSR ÝS-niň maýdaky sessiýasynda (1990) DHK-nyň başlyklygyna saýlandy, 1991-nji ýylyň ýanwarynda TSSR-iň Döwlet kontrollygy komitetiniň başlygy.

1991-nji ýylyň ýanwary TKP-niň Daşoguz oblast komitetiniň 1—nji sekretary, Daşoguz oblast sowetiniň başlygy.

1992-nji ýylyň iýn-iýuly Daşoguz welaýatynyň häkimi.

1992—nji ýylyň iýuly- 1996-njy ýylyň awgusty Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary (oba hojalygyna gözegçilik etdi).

Prezident Geňeşiniň agzasy (1991-1992).

Türkmenistan SSR-niň halk deputaty.

Türkmenistanyň Ýokary sowetiniň 12-nji çagyrylyşynyň deputaty.

Medal bilen sylaglandy.

1993-nji ýylyň tomsunda şa mülki atlandyryp, prezidente 100 gektar mülk ýerini “sowgat etdi”. Şol ýylda Türkmenbaşynyň ygtyýarlyklaryny prezident wezipesinde 2003-nji ýyla çenli uzaltmagyň inisiatory.

1996-njy ýylyň awgustynda, bugdaý öndürmek planyny ýerine ýerine ýetirip bilmänsoň, Daşoguz şäheriniň häkimi wezipesine geçirildi.

Ol 1996-njy ýylda “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy. Emma Motaýewiň wezipesinden boşadylmagynyň hakyky sebäbi, Türkmenistanyň beýleki dört welaýatynyň häkimleri ýaly, wezipede uzak wagt bolup, öz welaýatyndaky ähli “düşewüntli” wezipeleri dost-ýarlaryna we garyndaşlaryna paýlap, öz baýlygyny düýpli köpeltmeginde we welaýatdaky işleri merkezden has garaşsyz dolandyrmaga synanyşmagynda hem bolup biler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda žurnalist Aşyrguly Baýryýew aradan çykdy
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy
DKTR-da Geçirlen Saýlawda UBP Partiýasy Üstünlik Gazandy
S.Berdimuhamedow birnäçe etraplaryň we şäherleriň prokurorlaryny çalyşdy