Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly ekişine girişdiler

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly ekişine girişdiler. Şu ýyl bu ekin 8 müň 100 gektar ýere ekilip, ondan 35 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.Ekişde ýöriteleşdirilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary ulanylar. Şaly meýdanlarynyň ählis S.

Türkmenbaşy adyndaky etrapda ýerleşýär, bu ýerde şalydan ýokary hasyl almak üçin zerur şertleriň ählisi döredilen, alyjylara ýokary hilli önüm iberýän, şeýle hem ýöriteleşdirilen hojalyklary tohum bilen üpjün edýän şaly arassalaýan döwrebap kärhana hereket edýär.

Sebitde şalynyň ýerli howa şertlerine uýgunlaşan Nukus-2, Müňbaşy we Alenga görnüşleri ýetişdirilýär.Döwlet tarapyndan goýberilýän maýa goýumlary netijesinde Daşoguz welaýatynda pudagyň ösen düzümleri döredildi.Sebitde ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalar, ýetişdirilen hasyly saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur kuwwatlyklar bar.

Soňky ýyllarda bu ugurda ýurdumyzyň telekeçileri-de üstünlikli iş alyp barýarlar.Mysal üçin, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Timur Rejebow welaýatda kuwwatlylygy ýylda 250 tonna bolan şaly arassalaýan hususy önümçilik gurdy.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda şalynyň täze hasyly ýygnalyp başlandy
Lebaply şalyçylar 47,4 müň tonna hasyl ýygnadylar
Lebap welaýatynda şaly oragyna girişildi
Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasy
Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasy
Ykbalyny teatr sungatyna bagyşlan ynsan
Gazagystan Antalýa uçar saparlaryny artdyrdy