TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Mejlisiň barşynda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijesinde şu aşakdaky teklipler öňe sürüldi.Gubadag etrabyny ýatyrmak we Gubadag etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirmek; Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Akdepe etrabynyň düzümine geçirmek hem-de täze döreýän etrabyň edara ediş merkezini Gurbansoltan eje adyndaky şäherine geçirmek; Etrap hukukly Köneürgenç şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de ony Köneürgenç etrabynyň düzümine goşmak teklip edilýär.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheri S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň dolandyryş çägine degişli bolan 3784 gektar ýer böleginde ýerleşýär.Daşoguz şäherinde iri senagat zolaklaryny we ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak bilen baglanyşykly ýer gaznalaryny döretmek üçin, S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň dolandyryş çägine degişli 8020 gektar ýer bölegini Daşoguz şäheriniň edara ediş çäklerine goşmak bilen, jemi 11 müň 804 gektar ýer bölegini Daşoguz şäheriniň dolandyryş çägine degişli etmek hem-de şol ýerlerde şähere ýanaşyk ýerleşýän Bossan geňeşliginiň Panahan obasyny, Gülüstan geňeşliginiň Parahat obasynyň Özbegistan, Ürgenç, Nowruz, Kenar, Gubadag köçelerini, A.Nowaýy adyndaky geňeşligiň Gargaköpri obasyny, Biruni adyndaky geňeşligiň Biruni adyndaky obasyny we Wahymgala obasyny, Adalat geňeşliginiň Şatlyk obasyny, Babadaýhan obasyny hem-de J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň Bagtyýar zaman, Dostluk, Boý, Emirgala, Garagum, Haýwat, Seýpel obalaryny Daşoguz şäheriniň düzümine geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Sadylla Rozmetow adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Gülüstan obasyna; Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Akjadepe obasyna; Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Gökçäge obasyna; Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Ataýap obasyna; Köneürgenç etrabynyň Abadan geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Bereket obasyna; Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Päkize obasyna şäherçe derejesini bermek teklip edilýär.
Iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, düzümindäki obalary golaýda ýerleşýän geňeşlikleriň we şäherleriň düzümine geçirmek bilen, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Altyn asyr geňeşligini ýatyryp, Altyn asyr we Atamyrat aga obalaryny Üçkepderi geňeşliginiň düzümine geçirmek; Ruhubelent etrabynyň Altyn zaman geňeşligini ýatyryp, onuň Altyn zaman obasyny Tüniderýa geňeşliginiň düzümine geçirmek; Garaköli geňeşligini ýatyryp, onuň Yslam, Çaýyrly we Gyzyljaburun obalaryny Şagadam geňeşliginiň düzümine geçirmek; Wasabat geňeşligini ýatyryp, onuň Wasabat we Uzboý obalaryny Aşyk Aýdyň geňeşliginiň düzümine geçirmek; Magrupy adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň Magrupy adyndaky, Maňgyr, Täzeýer obalaryny Şabende geňeşliginiň düzümine geçirmek; Bedirkent geňeşligini ýatyryp, onuň Şagadam, Oglanly obalaryny Geňeş geňeşliginiň düzümine geçirmek; Oguzhan geňeşligini ýatyryp, onuň Oguzhan obasyny Ruhnama geňeşliginiň düzümine geçirmek; S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligini ýatyrmak; Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň Tomman obasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy şäherine birleşdirip, Tomman obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýörite ýer gaznalarynyň çäginde Döwkesen geňeşliginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermek hem-de olara Baleýşem we Ak oý atlaryny dakmak teklip edilýär. Şeýlelikde, Daşoguz welaýatynyň çäginde Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy, S.A.Nyýazow adyndaky (Şabat), Boldumsaz, Görogly, Köneürgenç we Ruhubelent etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 8 etrapdaky şäheri, 7 şäherçäni, 126 sany geňeşligi we 594 sany obany galdyrmak teklip edilýär.
Welaýatyň Gubadag we Boldumsaz etraplarynyň hem-de Gurbansoltan eje adyndaky we Akdepe etraplarynyň birikdirilmegi netijesinde häzirki wagtda hereket edýän kärhanalardan gelýän girdejiler umumylaşdyrylyp, emele gelen täze etrabyň ykdysady görkezijileri, ilatyň azyk we senagat önümleri bilen üpjünçiligi ýokarlanar. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän kärhanalar açylyp, işe girizilse, ilatyň iş bilen üpjünçiligine, ýerli býujet girdejileriniň öz-özüni dolandyrmagyna oňyn täsirini ýetirer. Şunuň bilen birlikde, raýatlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin mellek ýer gaznalaryny döretmäge mümkinçilikler dörär.