Daşoguz welaýatyndaky biokärhanalar tarapyndan ekinleri goramak üçin degişli çäreler geçirilýär

Daşoguz welaýatyndaky biokärhanalar tarapyndan ekinleri goramak üçin degişli çäreler geçirilýär

2024-nji ýylyň bereketli pagta hasylynyň düýbüniň tutulýan, bugdaýlara ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny bermek işleriniň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde ekinleri goramak boýunça möwsümleýin işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda biokärhanalaryň 124-si hereket edýär. Şolaryň 12-si döwrebap üpjünçilikli biofabriklerdir diýlip, Türkmenistan habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu günler bu kärhanalarda ekinleri zyýanly mör-möjeklerden goramak üçin degişli çäreler geçirilýär.Olarda öndürilmeli trihogrammanyň, gabrobrakonyň we altyngözlüjäniň enelik ugruny taýýarlamak işleri öz wagtynda amal edildi.

Köneürgenç etrabynyň pagtany gaýtadan işleýän kärhanasynyň ýanyndaky biolaboratoriýada, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň hem-de S.Türkmenbaşy etrabynyň Şirwan pagta arassalaýjy kärhanalarynyň ýanynda hereket edýän biokärhanalarda ekinleri ygtybarly goramakda göwnejaý işler ýola goýuldy.

Häzirki wagtda gögeriş alnan gowaça meýdanlarynyň her gektaryna biokärhanalarda taýýarlanylýan altyngözlüjäniň 300 sanysy, trihogrammanyň 1 gramy iki gaýta ulanylýar. Kärhanalaryň zerur önümler bilen doly üpjün edilmegi, işleriň täzeçe guralmagy gowy netije berýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatynda azyndan 560 tonna künji hasylyny almak meýilleşdirilýär
Aşgabatda, welaýatlarda güýçli gar elektrik üpjünçiligine we ýol hereketine täsir etdi
Daşoguz welaýatynda kösükli we ýag alynýan ekinleriň bol hasyly ýygnaldy
Aşgabatdaky Rus öýi kwotanyň çäginde Russiýanyň ÝOM-larynda okamak boýunça seminarlara çagyrýar
5-nji oktýabrda Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär
Aşgabatdaky Rus öýi Moskwa gününe bagyşlanan döredijilik sapagyny geçirer
Türkmenistanyň demirgazygynda mäş we noýba ýetişdirilýär