Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň ýokary hasyly ýetişdirildi

Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň ýokary hasyly ýetişdirildi

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýokary depginlerde ýeralmany ýygnamagy dowam etdirýärler. Boldumsaz etrabynda ýetişdirilen hasylyň umumy meýdanynyň eýýäm ýarysyndan gowragy ýygnaldy. Bu ýerden şu ýyl ýigrimi bäş müň tonna ýeralma ýygnamak göz öňünde tutulýar diýlip, Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Welaýatda Akdepe etrabynda-da hasyl ýokary depginlerde ýygnalýar. Bu ýerde häzire çenli şu möwsümde meýilleşdirilen 48 160 tonna ýeralmanyň altmyş iki göteriminden gowragy ýygnaldy. Ýeralma ýetişdirmekde köp tejribe toplan Şawat we N.Andalyp adyndaky daýhan hojalyklarynyň daýhanlary öňde barýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl azyndan 123 müň 200 tonna ýeralma ýygnamak meýilleşdirilýär. Welaýatda şu möwsümde ýeralmany sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we dürli kesellere durnukly, ýokary hasylly, orta hem-de irki görnüşlerinden ýetişdirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Oba hojalyk önümleriniň möçberi artdyrylýar
Daşoguzly daýhanlar güýzlük sogan ekinleriniň mukdaryny artdyrýarlar
Daşoguz welaýatynda kartoşkadan ýylda iki hasyl alynýar
Daşoguz welaýatynda ýazky ýeralma ekişine başlandy
15.11.2017 | Daşoguzdaky gala-konsert bilen Özbegistanyň Medeniýeti günleri tamamlandy
Aşgabatda käbir awtoulag ugurlaryna üýtgeşme girizildi