Şu ýyl, 2024-nji ýylda Daşoguz welaýaty boýunça 145 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň 265 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, demirgazyk sebitde bugdaý tohumyny gowulandyrmak boýunça köp çäreler görülýär. Häzirki wagtda welaýatyň 4 sany ýöriteleşdirilen saýlantgy tohumçylyk hojalygynda, şonuň ýaly-da, 58 daýhan birleşiginde tohumlyk bugdaý ýetişdirilýär. Onuň kemala getirilýän jemi meýdany 24 müň gektardan gowrak bolup, oňat tohum almak babatda degişli işler geçirilýär.
Şu ýylyň hasyly üçin ýerli tohumlaryň 8 görnüşi bilen bir hatarda, ak bugdaýyň daşary ýurtdan getirilen, toprak-howa şertlerinde synagdan geçen Alekseiç tohumlary ekilip, bitginli hasyl ýetişdirildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Akdepe etrabynyň gallaçylyga ýöriteleşdirilen Babadaýhan daýhan birleşigi saýlama tohumlaryň ýetişdirilýän iri hojalyklarynyň biri bolup, bu ýerde bugdaý ekilen 6 müň 200 gektar meýdandan 12 müň 400 tonna tohumlyga niýetlenen bugdaý hasylyny öndürmek maksat edilýär.
Görogly etrabynyň daýhanlarynyň zähmeti bilen 15 müň 500 gektar meýdanda bu gymmatly azyk önüminiň bol hasyly kemala geldi. Şondan 29 müň tonnadan gowrak ak bugdaý öndürmek göz öňünde tutulýar. Akdepeli gallaçylar hem bugdaý ekilen 35 müň gektar ýerden 63 müň 200 tonna hasyl ýygnap, harmana goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Daşoguz welaýat Obahyzmat önümçilik birleşiginiň etraplardaky bölümlerinde bugdaý oragynda işlediljek ähli tehnikalar doly abatlanylyp, taýýarlyk hataryna goýulýar. Şu ýylky orak möwsüminde ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 450-den gowragy bökdençsiz işlediler.
Oragyň dowam edýän günlerinde welaýatda bar bolan galla kabul ediş bölümleriniň 28-sinde, şol sanda täze gurlup ulanmaga berlen elewatorlaryň 7-sinde işler gije-gündizleýin tertipde ýola goýlar diýlip, habarda bellenilýär.