
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky Dowardarçylyk, Görogly etrabyndaky Garagum maldarçylyk hojalyklarynda aprel aýynyň üçünji ongünlügine çenli dowam eden owlak-guzy möwsümi guramaçylykly geçirilip, oňat netijeler gazanyldy. Welaýat boýunça 37 müň 700-e golaý owlak-guzy alnyp, göz öňünde tutulan meýilnama üstünlikli berjaý edildi.
Möwsümde ene dowarlar 111 sürä birikdirildi.Owlak-guzularyň ene dowarlardan aýrylyp, seçgi esasynda özbaşdak sürä goşulmagy şu möwsümde dowardarçylykda geçirilen esasy çäreleriň biri boldy.Bu işi öz wagtynda, talabalaýyk geçirmek, össürime goýberilen owlak-guzy sürülerini tejribeli çopanlara berkitmek üçin maldarçylyk hojalyklarynda degişli toparlar döredildi. Şol toparlaryň geçiren işlerine laýyklykda, birnäçe täze tokly sürüleri emele geldi.
Olar üçin süýji suwly guýulary bolan öri meýdanlar seçilip alyndy, körpeçler guruldy.
Welaýatda düýedarçylygy ösdürmäge, olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmaga hem uly üns berilýär diýlip, Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi. Häzirki wagtda welaýatyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky bu iki maldarçylyk hojalygynda arwana tohumyndan bolan düýeleriň 3500-den gowragy bar. Şu ýyl welaýat boýunça ene düýelerden 866 köşek alyndy.