Daşoguz welaýatynda 35 müň tonnadan gowrak şaly hasyly Watan harmanyna tabşyrdyldy

Daşoguz welaýatynda 35 müň tonnadan gowrak şaly hasyly Watan harmanyna tabşyrdyldy

2024-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň şalyçylary 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirdiler. Şeýlelikde, Watan harmanyna 35 müň tonnadan gowrak şaly hasyly tabşyryldy we şertnamalaýyn borçnamalar abraý bilen berjaý edildi.

Welaýat gazeti tarapyndan berilýän habara görä, öndürilen şalynyň agramly bölegi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de 27-nji oktýabr daýhan birleşikleriniň şalyçy kärendeçileri tarapyndan ýetişdirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl şaly hasylyny ýetişdirmäge Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki Ykbal açary hojalyk jemgyýetiniň işgärleri hem öz mynasyp goşantlaryny goşandylar. Olar şaly hasylyny ilkinji gezek ýetişdirýändiklerine garamazdan, 500 gektar ýerden 2 müň tonnadan gowrak sary altynyň hasylyny ýygnamagyň hötdesinden geldiler.

Şalyçylaryň zähmet üstünligini gazanmagyna ýokary öndürijilikli tehnikalara erk edýän mehanizatorlaryň, Obahyzmat önümçilik kärhanasynyň, şeýle hem daýhan birleşikleriň hünärmenleriniň goşandy uly diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi
Daşoguzda resmi, ýöne 'galp bugdaý ekiş dabarasy' geçirildi
Türkmen sürüjileri, başga çykalga bolmansoň, "örän agyr ýagdaýda" işleýärler
Şaly meýdanlary guraýan lebaply kärendeçiler döwlete bergili çykmakdan alada edýär
Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlary kemeldilýär, iş ýerleri ýapylýar, müňlerçe oba hojalyk işgäri işsiz galdy
Marynyň käbir döwlet edara-kärhanalarynda iş orunlary kemeldilýär