Daşoguz şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de ýedisi gurulýar

Daşoguz şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de ýedisi gurulýar

Türkmen çarwa hususy kärhanasy öňümizdäki ýyllarda Daşoguz şäherinde ýedi sany köp gatly iri panelli jaý gurar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berýär.

Bu jaýlar şäheriň S.Türkmenbaşy şaýoluna ýanaşyk etrapçalaryň biriniň ýaşaýyş jaý gorunyň üstüni ýetirer. Dört gatly täze binalar 32 we 24 öý üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda bu täze jaýlaryň ilkinjisiniň gurluşygy başlandy, ýöriteleşdirilen kärhanada bolsa diwar panellerini we binalar üçin beýleki zerur desgalary öndürmek boýunça işler alnyp barylýar.

Demirgazyk sebitiň dolandyryş merkeziniň täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň esasy böleginiň kerpiçden durýandygyna garamazdan, iri panelli jaýlar-da şäher ilatynyň islegine görä gurulýar.Bu ýagdaý laýyk meýdany we ýeterlik beýikligi bolan öýleri özünde jemleýän şunuň ýaly binalaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly amatly ýaşaýyş jaýy bolýandygy bilen düşündirilýär.

Iri panelli jaýlaryň gurluşygy howa şertlerine kän bir bagly däl, şonuň üçin-de olar has gysga wagtda gurulýar, plita öndürýän az çykdajyly tehnologiýa bolsa awtomatlaşdyrylypdyr, bu bolsa desgalaryň berkligini we ýokary hilini üpjün edýär.

Iri panelli jaýlaryň ömri uzak we bahasy elýeterlidir, netijede şäher ilatynyň paýdar hökmünde jaý gurluşyk işine gatnaşmagy üçin has özüne çekijidir.

Şäherdäki iri panelli jaýlaryň aglabasynyň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 148-U kysymly köp gatly iri panelli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin ähli zerur düzüm böleklerini öndürýän Daşoguz demir-beton önümleri zawodynyň tagallasy bilen gurulýandygyny bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz şäherinde 8 sany 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
Aşgabatda, welaýatlarda güýçli gar elektrik üpjünçiligine we ýol hereketine täsir etdi
S.Türkmenbaşy etraby-Daşoguz arasynda sürüjiniň 'häkimi ozup geçmegi' minibus gatnawyna täsir etdi
Türkmenistanda howa birden sowap, sürçek ýollarda heläkçilikli hadysalar köpeldi
Balkanly kärendeçiler: Hökümet pagtany wada beren "ýokary" nyrhyndan satyn almaýar
5-nji oktýabrda Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär
Aşgabatdaky Rus öýi Moskwa gününe bagyşlanan döredijilik sapagyny geçirer