Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki Demirbetonönümleri zawodynda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň içki diwarlary önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.
Şeýle önümçiligiň ýola goýulmagy gurluşyk meýdançalaryny ýokary hilli senagat önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän düýpli abatlaýyş işleri, önümçilige ornaşdyrylýan ýokary tehnologik enjamlar çykarylýan önümleriň görnüşini köpeltmäge, olaryň hilini gowulandyrmaga amatly şertleri döredýär.
Neşiriň ýazyşy ýaly, geçen ýylyň dowamynda zawodda gurluşyk serişdeleriniň 30 müň 896 kub metri öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama 110,3 göterim berjaý edildi.Kärhananyň ussat gurluşykçylary welaýatda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň ençemesini gurup ulanmaga berdiler.
Hojalygy ýöretmegiň täzeçe usullarynda işleýän zawod boýunça geçen ýyl 15 million 950 müň manatlyga golaý gurluşyk işleri ýerine ýetirildi.Işleriň göwnejaý guralmagy, zawodyň öndürýän gurluşyk serişdeleriniň giňden ulanylmagy netijesinde, bu ugurda 132,9 göterim ösüş gazanyldy.
Zawodyň ezber gurluşykçylary tarapyndan gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlary Daşoguz şäheriniň gözel keşbine görk berýär.Kärhananyň işçi-hünärmenleri tarapyndan welaýat merkeziniň Nowruz ýaşaýyş jaý toplumynda, Görogly, Şagadam, Oguzhan, O.Ärsaryýew adyndaky köçeleriň ugrunda dört gatly, köp otagly jaýlaryň onlarçasy guruldy.
Häzirki wagtda kärhananyň gurluşykçylary welaýat merkeziniň etegindäki Gülüstan şäherçesinde ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna gurulýan iki gatly jaýlaryň 5-siniň, şeýle hem bir gatly jaýyň gurluşyk işlerini alyp barýarlar.