Daşky gurşawyň goragynda

Ýewropa ýurtlary 3-nji iýuldan başlap bir gezek ulanylýan plastmassa tabajyklar, çemçeler, turbajyklar, şar taýajyklary we pagtaly çöpjagazlar, penopolistiroldan edilen iýmit we içgi gaplary bilen gutarnykly hoşlaşdy diýip, daşky gurşaw boýunça Ýewropa komissary Wirginiýus Sinkýawiçýus mälim etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygynyň çäginde 2019-njy ýyldan başlap, sebitiň ähli döwletlerinden 2021-nji ýylyň 3-nji iýulyna çenli bir gezek ulanylýan käbir plastik önümleriň bazardan çykarylmagy karar edilipdi.

Deňizlerdäki galyndylaryň 80 göterimden gowragy plastmassa önümlerinden ybaratdyr. Bir gezek ulanylýan plastmassa önümleri diňe gysga wagtlap ulanylýar, soňra bolsa taşlanylýar. Şonuň üçin köp gezek ulanylýan önümlere garanyňda, olaryň deňizlere düşmek ähtimallygy has uludyr. Adatça, plastik önümler deňizlerde, ummanlarda we suwa düşülýän kenarlarda toplanyp, deňiz faunasyna we adam saglygyna uly howp döredýär diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri mälim etdiler.

Täze Zelandiýanyň karary

Täze Zelandiýa bir gezek ulanylýan plastikany aradan aýyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle gadaganlyklar 2022-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli tapgyrlaýyn amala aşyrylar.

Ýurduň ilaty her gün adam başyna, takmynan, 159 gram plastik galyndylary taşlaýarlar, bu bolsa, dünýäde iň ýokary görkezijileriň biridir diýip, Täze Zelandiýanyň daşky gurşaw ministri Dewid Parker aýtdy.

Täze Zelandiýa häzirki wagtda taşlanylýan plastik galyndylaryň mukdary boýunça ilkinji on ýurduň hataryna girýär. Şol sebäpden, ýerli häkimýetler pagtaly çöpjagazlar, plastik haltalar, çemçeler, tabaklar, turbajyklar we miweleriň ýüzüne ýapyşdyrylýan etiketkalar ýaly bir gezek ulanylýan plastikanyň gadagan edilendigini habar berdiler.

Täze Zelandiýa 2019-njy ýylda bir gezek ulanylýan plastik haltalaryň köp görnüşini gadagan edipdi, ýöne täze çäklendirmeler azyk we beýleki harytlaryň daşlyklaryny hem öz içine alýar. Täze gadaganlyklar möhüm ädim bolup, ýurduň iň uly plastik öndürijilerine täsirini ýetirmelidir diýip, Unitec daşky gurşaw çözgütleri boýunça barlag merkeziniň müdiri Terri-Anne Berri aýtdy.

BMG plastik gaplamalara garşy

Birleşen Milletler guramasy köplenç plastik gaplamak önümçiliginde ulanylýan UV-328 atly himiki serişdäni gadagan etmegi teklip etdi.Barlaglara görä, bu madda janly-jandarlara zyýanly bolup biler. Şeýlelikde, BMG plastik gaplamalar sebäpli dörän daşky gurşawa ýetirilen zyýana garşy göreşde täze ädimler barada oýlanýar.

Bu ýerde gürrüň, esasan, olaryň önümçiliginde ulanylýan belli bir himiki maddanyň gadagan edilmegi barada barýar.Bu maglumatlar Kanadanyň Greenpeace ekologiýa guramasy bilen bilelikde Beýik Britaniýanyň Daily Mail neşiri tarapyndan mälim edildi.

UV-328 maddasy plastik gaplamalaryň köp görnüşiniň düzüminde bolup, geçirilen barlaglarda onuň adamyň we haýwanlaryň saglygyna ýetirip biljek zyýany anyklanyldy. Wagtyň geçmegi bilen himiki maddalar bedende toplanyp, bagryň we böwrekleriň işleýşine ýaramaz täsir edip ugraýar.

Bilermenleriň bellemegine görä, UV-328-e girizilen gadaganlyk, plastik gaplamalary aradan aýyrmak üçin ilkinji ädim bolar. Şeýle gadaganlygy girizmak baradaky teklibi Şwesiýanyň wekilleri BMG-niň maslahatynda öňe sürdüler, häzir ol gözegçilik ediji guramalar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar
14-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar
Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Britaniýa bir gijede 35 müň ýyldyrym düşdi
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar