16-njy sentýabrda Oba hojalyk we daşky guşawy goramak ministrliginiň hem-de Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekilleri BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleri bilen nobatdaky onlaýnduşuşyga gatnaşdylar.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatlar “Merkezi Aziýada we Türkiýede gurakçylykly we şorlaşan oba hojalyk önümçilik ýerleriniň tebigy serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak” (CALCILM 2) taslamasyna bagyşlandy. Bu taslama FAO-nyň we Global ekologiýa gaznasynyň (GEG) goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär.
Sebitiň döwletleriniň gatnaşmagynda maliýeleşdirilýän, umumy bahasy ABŞ-nyň 75 million dollaryndan gowrak bolan we ol 5 ýyla niýetlenen iri möçberli taslama 2018-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda badalga berildi.
Onuň esasy wezipesi ýerli şertlerde ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmagyň iň üstünlikli tejribelerini, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny, bir tarapdan, oba hojalygyny ösdürmäge we beýleki daşky gurşawy gowulaşdyrmaga ýardam edýän innowasion ylmy işläp düzmeleri uýgunlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bu taslama Ahal hem-de Daşoguz welaýatlarynda toprak-howa şertleri boýunça tapawutlanýan we gumdaky öri meýdanlarynyň, tokaýlaryň, suwarymly hem-de düme ýerleriniň böleklerini öz içine alýan synag çäkleriniň üçüsinde amala aşyrylýar.
Hususan-da, miweli, pürli, bezeg we gyrymsy agaçlaryň hem-de pissäniň, badamyň we beýleki ösümlikleriň Nohur obasynyň golaýyndaky daglyk ýerde nahalhanasyny döretmek hem-de ekilýän meýdanyny mundan beýläk-de giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Ak bugdaý etrabynda duza hem-de guraklyga durnukly öri we ot-iýmlik ekinlerini uýgunlaşdyrmak, energiýa serişdelerini tygşytlaýjy serişdeleri ornaşdyrmak, şorly ýerleri suwarmak boýunça işler geçirilýär. Bu işler Merkezi Garagumda maldarçylygy ösdürmäge ýardam etmelidir.
Türkmen alymlarynyň—Ylymlar akademiýasynyň işgärleriniň, Milli çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň işgärleriniň işläp düzmeleri bilen bir hatarda, oba hojalygyny ýöretmegiň ýerli däpleri öwrenilýär. Öri meýdanlaryny suwlulandyrmak üçin suw toplaýjy desgalar—sardobalar we guýular dikeldiler.
Gurbansoltan eje etrabynyň suwarymly ýerlerinde “AquaCrop” usulyýeti boýunça suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň ulgamy synagdan geçirildi we ornaşdyryldy.Bu FAO hem-de ýurdumyzyň we dünýä tejribesiniň esasynda işlenip taýýarlanylan, şorly ýerleri oba hojalyk dolanyşygyna gaýtadan girizmek, gurakçylyga we duza durnukly ekinleriň kömegi bilen şorly ýerleri dikeltmek işlerini öz içine alýar.
Synag ýerlerini, şol sanda Daşoguzdaky Oba hojalyk institutynyň tejribe meýdanyny döretmek meýilleşdirilýär.
Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw Strategiýasyny hem-de BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipler bar.
Şeýle hem bu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýä ekologiýa gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejesinde onlarça taslamalar amala aşyrylýar.