Daşky gurşawy goramak ‑ möhüm wezipe

Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.Milli Liderimiz hökümetiň iýul aýynda bolan giňişleýin mejlisinde çykyş edip, ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyna aýratyn ünsi çekdi.

Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenildi. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Häzirki döwürde bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar.

BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasy we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýokary derejedäki dürli forumlarda öňe süren hem-de halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini bellemek zerurdyr.Hususan-da, şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny hem-de BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugruna öwürmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky teklipler we beýlekiler bar.

Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onda tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga we daşky gurşawy goramaga döwlet gözegçiligi baradaky düzgün berkidilendir.

Şeýle hem döwrüň talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Tokaý kodeksi, Tebigaty goramak hakyndaky, Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky, Ozon gatlagyny goramak hakyndaky, Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakyndaky, Ösümlik dünýäsi hakyndaky, Haýwanat dünýäsi hakyndaky Kanunlar we beýlekiler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň we Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň hem-de giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde tebigaty goramak, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary aýawly saklamak ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, dünýä bileleşiginiň bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary goldanylyp, senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga geçmek işi amala aşyrylýar.

Ýangyç-energetika, dokma we beýleki toplumlaryň kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. Täze önümçilik düzümini gurmak hem-de häzir hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrmak işi daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de tehniki çözgütleri ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Aralýaka sebitinde ekologiýany sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Bu ulgamdaky taslamalar amala aşyrylanda, ýurdumyz umumy abadançylygyň bähbidine bar bolan uly tejribeden hem-de döredijilik kuwwatyndan peýdalanmaga çalyşýar.

Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny döretmek hem türkmen döwletiniň tebigaty goramak strategiýasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar.Munuň özi, ilkinji nobatda, onuň aýratyn derejesi bilen şertlendirilendir.Bu iň iri içerki, dünýä ummanyndan aýratyn suw howdany tebigatyň hakyky merjenidir.

Ol ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr.Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemiki häsiýete eýedir we sebitiň biologik köpdürlüliginiň bahasyna ýetip bolmajak genofonduny düzýär.

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz, howa, awtomobil ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi, baý uglewodorod, balyk we beýleki serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi.

Dünýä ykdysadyýetinde hem oňa möhüm orun degişlidir.Soňky ýyllarda Türkmenistan milli derejede bu ugurda maksadalaýyk işleri alyp barmak bilen, Hazardaky bar bolan ekologiýa meselelerini we bu ugurda ýüze çykyp biläýjek meseleleri özüniň ýakyn goňşulary we hyzmatdaşlary hem-de abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen bilelikde çözmekde täze çemeleşmeleri teklip edýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň Hazar ekologiýa forumyny guramak baradaky teklibi aýratyn ähmiýete eýe boldy.Türkmen döwleti öz tarapyndan, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Hazar deňziniň ekologiýa deňagramlylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak baradaky ähli wezipeleri netijeli çözýär.

Hazaryň kenarynda gurulýan döwrebap şypahanalara we myhmanhanalara hem-de senagat kärhanalara bildirilýän esasy talaplaryň biriniň olaryň ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara ülňülerine laýyk gelmegi bilen baglanyşyklydygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, Garabogazkarbamid zawody, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody we abraýly guramalaryň bu desgalaryň daşky gurşawa howpsuzdygyny tassyklaýan güwänamalar gowşurylan beýleki birnäçe toplumlar munuň mysalydyr.Giň gerimli bag ekmek işi hem şu maksatlara ýetmäge ýardam edýär.

Bu işleriň geçirilmegi netijesinde, ýylyň dowamynda gök öwüsýän tokaýlar peýda bolýar, täze seýilgäh zolaklary döredilýär, ýerli ilatyň saglygyna oňyn täsir edýän jana şypaly howa ýagdaýy emele gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň durnuklylygy, energetika howpsuzlygy, ekologiýa deňagramlylygy umumy Hazar sebitiniň esasy binýady bolup durýandygy baradaky sözleri köpugurly hyzmatdaşlygyň taglymatynyň esasy bolup hyzmat eder. Onuň durmuşa geçirilmegi bolsa Hazar deňziniň sebitine dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamynda öňdebaryjy orny eýelemäge ýardam eder.

Biziň ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamyndaky netijeli işiniň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde soňky ýyllarda Türkmenistanda amala aşyrylýan ýerleri suwarmagyň meselelerini çözmekde täzeçil çemeleşmeleri göz öňünde tutýan ägirt uly suw hojalyk taslamalaryny görkezmek bolar. Bu ulgamdaky özgertmeler welaýatlarda amala aşyrylýan, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini täze derejelere götermäge gönükdirilen düýpli işlerde möhüm ädim boldy.

Häzirki wagtda tebigaty goramak çäreleriniň tejribesi we türkmen ylmynyň ägirt uly mümkinçilikleri bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär.Muňa biziň ýurdumyzyň iri ekologik çäreleriniň, maslahatlarynyň we seminarlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde ençeme gezek saýlanyp alynmagy hem şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ulgamdaky hyzmatlarynyň halkara derejesindäki ykrar edilmesiniň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ekologiýa boýunça geçirilen iň uly sapagyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegini görkezmek bolar.

Umuman alanyňda, mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklaryny we köpdürlüligini artdyrmaga we gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleriň geçirilmegi arkaly milli Liderimiziň düýpli we öňdengörüji syýasaty netijesinde amala aşyrylýan giň möçberli işler Watanymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir.

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek kampaniýasy başlady
Türkmenistanda soňky ýyllarda 145 milliondan gowrak agaç ekildi
05.06.2018 | Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat
Ekologiýa abadançylygy sagdyn durmuşyň kepili