Daşkentde Türkmendemirýollary we Uzbekiston temir ýullari edaralarynyň wekilleri duşuşdylar.Duşuşykda Türkmenistanyň we Özbegistanyň demirýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşdy diýip, Podrobno.uz habar berdi.Habar berlişine görä, gepleşiklerde taraplar birnäçe möhüm mowzuklar boýunça pikir alşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, Uzbekiston temir ýullarina degişli sistern-wagonlaryň Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinde ýerleşdirilmegi, şeýle hem türkmen çäklerinde ýerleşýän üsti ýapyk wagonlaryň wagtynda düşürilmegi we yzyna gaýtarylmagy boýunça pikir alyşdylar.
Hünärmenler şeýle hem 161-nji razýezd we Tahiataş döwletara çatryk nokatlarynyň işini dikeltmegiň mümkinçiligine garadylar.Bu mesele boýunça gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň arasynda halkara demir ýol ulaglary aragatnaşygynyň ösmegine goşant goşýar. Şeýle hem habarda üstaşyr gatnawy we Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr nokatlary hem-de aýratyn eksport ýükleri üçin arzanladyş almak meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar.
Taraplar kuwwatyny ösdürmäge we Farap/Hojadawlet — Türkmenbaşy porty — Farap/Hojadawlet marşruty boýunça konteýner ýük gatnawynyň mukdaryny artdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Mundan başga-da, Daşkent duşuşygynda has netijeli we amatly ýük daşamak üçin bilelikdäki terminallary döretmek mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.