15-16-njy iýulda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň hem-de işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisleri, şeýle-de Türkmenistanda öndürilen atly ýurduň harytlarynyň milli sergisi geçiriler. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Atdaýew ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (Ýol kartasyna) laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we agzalan çäreleri geçirmegiň teklip edilýändigini aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň harytlarynyň milli sergisini-de guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.