Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen “INNAPROM-Merkezi Aziýa” halkara senagat sergisi hakynda durup geçmek isleýäris.
2022-nji ýylyň aprel aýynyň 25-27-si aralygynda Daşkent şäherinde Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministligi tarapyndan “INNAPROM-Merkezi Aziýa” halkara senagat sergisi guraldy.Sergä Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlar, Germaniýa, Hytaý, Fransiýa, Italiýa, Gollandiýa, Türkiýe we Wengriýa ýaly ýurtlardan 1300-den gowrak wekil hem-de 200 firma gatnaşdy. Özbegistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Mongoliýadan, Russiýadan we Täjigistandan ministrler we ministrleriň orunbasarlary, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň resmileri hem şol sergä gatnaşdylar.
Russiýa Federasiýasynyň 9 oblastyndan toplumlaýyn stendler açyldy.Metallurgiýa, awtomobil we ätiýaç şaý önümçiligi, energetika, derman senagaty ýaly dürli ugurlardaky önümleriň hem-de hyzmatlaryň tanyşdyrylmagyna şert döredilen sergide, 20-den gowrak ýörite diňlenşikler, ylmy maslahatlar, tegelek stol ýygnanşyklary geçirildi. Özara duşuşykar hem boldy. 27-nji aprelde “INNAPROM Uniwersitet” ady bilen talyplara we ýaş hünärmenlere okuw-seminarlar berildi.
Sergide onlarça hyzmatdaşlyk şertnamasyna we ylalaşyga gol çekişildi.
2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurda iş saparyny guran Belarusyň Premýer-ministri Roman Golowçenkony kabul etdi. Duşuşykda iki ýurduň ykdysady gatnaşyklary hakynda pikir alyşyldy. Belarusyň Premýer-ministri soň bolsa Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşdy. Golowçenko metbugat işgärleri bilen geçiren duşuşygynda Belarus bilen Özbegistanyň arasynda 25 million dollarlyk ylalaşyga gol çekişilendigini beýan etdi.
“INNAPROM-Merkezi AZiýa” halkara senagat sergisiniň birinjisi geçen ýyl aprel aýynda geçirilipdi. Sergä ençeme ýurtda gatnaşyk bolup, oňa baryp görenleriň sany 10 müňden geçipdi. Sergide jemi 3,2 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekişilendigi habar berilipdi.
Bütidünýä banky, Ýewropa we Orta Aziýa boýunça taýýarlan Ykdysady habarnamasynyň soňky sanyny aprel aýynda çap edipdi.Habarnamada Russiýa-Ukraina söweşi, soňky iki ýylda başdan geçrilen “ikinji şok” hökmünde häsýetlendirildi we şol söweşiň Ýewropa we Orta Aziýa sebitinde ykdysady aşaklamagy sebäp bolmagyna garaşylýandygy beýan edilýär.
Ykdysady çökgünlige garşy göreş taýdan “INAPROM-Merkezi Aziýa” sergisi ýaly çäreleriň geçirilmegi iňňän möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Günbataryň sanksiýalaryna sezewar bolan Russiýa we Balarus üçin halkara senagat sergisi ýaly çäreler sebit ýurtlary bilen bar bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegi, sanksiýalaryň zyýanly täsirleriniň azaldylmagyna şert döretmek taýdan möhüm.Daşkentdäki senagat sergisine şol sebäpden rus firmalary uly gyzyklanma bildirdiler.
Russiýanyň 9 oblastyndan gelen toparlar seginiň çäginde Özbegistanyň welaýatlaryna baryp gördüler.Russiýanyň we Özbegistanyň ýerli häkimiýetleri hem-de ýerli firmalary özara ylalaşyklara gol çekişdiler.
Özbegistan soňky ýyllarda sebitleýin we halkara çärelere ýygy-ýygydan ýer eýeçiligini edýär. “INNAPROM-Merkezi Aziýa” halkara senagat sergisi diňe bir Özbegistan üçin däl, eýsem bütin sebit ýurtlary üçin hem peýdaly çäredir.