Daşkent halkara kinofestiwalynda türkmen kinolary görkeziler

13-18-nji sentýabr aralygynda Daşkent şäherinde Ýüpek ýolunyň merjeni XIV halkara kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwala Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň wekiliýeti hem gatnaşýar. Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň wekiliýeti festiwalyň çäklerinde geçirilýän birnäçe medeni çäreler işjeň gatnaşýarlar.

Festiwalyň çäklerinde türkmen režissýorlary Arslan Eýeberdiýewiň Istärin, Sahysalyh Baýramowyň Gyzyl kürte we Wepa Işangulyýewiň At myrat filmleri görkeziler.

Daşkent halkara film festiwaly 1968-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenliAziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň gatnaşmagynda her ýylda geçirildi. 2021-nji ýylda bolsa, şol däbiň dowam etdirilmegi maksady bilen Ýüpek ýolunyň merjeni ady bilen gaýtadan ýola goýuldy. Festiwalyň ýeňijilerine şahadatnama, heýkel we pul baýragy gowşurylýar.

Ýene degişli makalalar

Tbiliside Türkmen kinosynyň günleri badalga aldy
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Tbiliside türkmen kinosynyň günleri geçirilýär
Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär
Tbiliside türkmen kinosynyň günleri badalga aldy
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi geçirildi