Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň daşary işler ministri Şri Hişamuddin Tun Husseýn bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Iki dostlukly ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika hem-de ynsaneprwerlik ulgamlaryndaky köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine özara gyzyklanma tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda şu ýylyň 27-nji oktýabrynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy aýdyldy, bu ugurda bilelikdäki işleri durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Malaýziýanyň nebit, gaz we energetika pudaklarynda ýöriteleşýän kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.

Şeýle hem taraplaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ynsanperwer ugry aýratyn bellenilip geçildi. Şunda taraplar bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlary boýunça netijeli hyzmaatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly tejribe hem-de kuwwata eýedirler.

Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine itergi berjek bilelikdäki çäreleri geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň we Malaýziýanyň döwlet hem-de hususy düzümlerniiň wekilleriniň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmeginiň zerudlygy aýratyn bellenildi.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyňDöwletara utgaşdyryjy suw hojalygy toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly79-njy mejlisi geçirldi. Oňa Merekzi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

Onlaýn-tertibinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Aral deňziniň sebitinde suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy. Mälim bolşy ýaly, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjydöwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň awgust aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada kesgitlenen çäreler bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasylary bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde we Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak hakyndaky teklip bar. Türkmen tarapy onuň netijeli işi üçin zerur düzümi hödürlemäge taýýardyr. Şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite Maksatnamasyny we BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda teklip öňe sürüldi.

Parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan dünýä bileleşiginiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň çözgüdine gö nükdirilen tagallalaryna işjeň goldaw berýär.

Milli ýörelgelere we kabul edilen halkara borçnamalaryna laýyklykda, ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda suw serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak ýaly möhüm ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Munuň özi tutuş adamzadyň abadançylygynyň baş şerti bolup durýar.

Milli Liderimiziň yzygiderli belleýşi ýaly, häzirki döwürde suw meselesine durmuş-ykdysady ösüşi, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan ählumumy durnukly ösüş meýilnamalaryndan üzňelikde garamak bolmaz.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada ähli degişli meseleler abraýly halkara guramalarynyň gatnaşmagynda we sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara alyp, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda çözülmelidir. Şoňa görä-de, suw serişdelerine deň we adalatly çemeleşmelere, adamyň düýpli hukugy hökmünde garalmagyna ygrarly bolmak bilelikdäki işiň esasy şertine öwrülmelidir diýip, hemişe belleýär.

Duşuşygyň çäklerinde “Amyderýa” we “Syrderýa” sebit suw hojalyk guramalarynyň işiniň netijeleri hakyndaky çykyşlar diňlenildi hem-de täze suwaryş möwsüminde suw howdanlarynyň möçberi, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwlarynyň ulgamlaýyn iş tertibi tassyklandy we beýleki meselelere garaldy.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama kabul edildi.

Migrasiýa boýunça halkara guramasy wideoaragatnaşyk arkaly “Merkezi Aziýada adam söwdasyna garşy göreşmek we goragsyz migrantlaryň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça maglumat we aň-bilim işini üpjün etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Hökümete dahylsyz guramanyň orny” atly maslahat geçirildi.

Onlaýn-duşuşygyna köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, metbugat we elektron serişdeleriniň, Döwlet habarlar agentliginiň, “Oriýent” habarlar agentliginiň žurnalistleri, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, zenanlar we ýaşlar guramalarynyň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Migrasiýa barada halkara guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahat Norwegiýanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde“Sebit we ählumumy wehimlere jogap hökmünde Merkezi Aziýada adam söwdasyna garşy göreşi we goragsyz migrantlaryň goraglylygyny güýçlendirmek” atly sebit taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň bilermeni migrasiýa meselelerini açyp görkezmekde köpçülikleýin media ulgamyna ägirt uly ornuň degişlidigini belläp,maglumat aň-bilim işlerini geçirmekde, migrantlaryň oňyn durmuşyny üpjün etmekde, hukuklaryna degişli çäreler, mümkin bolan töwekgelçilikler we zerur seresaplylyk çäreleri baradaky düşünjelerini artdyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini berkitmegiň wajypdygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, umumydünýä möçberindäki mesele bolan adam söwdasy şahsyýete, adamlaryň mertebesine we hukukyna garşy gönükdirilen jenaýat hasaplanylýar. Bu mesele daşary ýurtlara çykan hem-de dünýäni gurşap alan COVID-19 ýokanjy zerarly döwletara serhetleriniň ýapylmagy bilen watanyna dolanmaga mümkinçiligi bolmadyk migrantlaryň sanynyň artmagy sebäpli soňky ýyllarda has-da ýitileşdi.

Şeýlelikde, maslahatyň dowamynda ählumumy migrasiýa meselelerine hem-de zähmet migrasiýasy we adam söwdasy bilen baglanyşykly meseleleriň öňüniň alynmagyna hem-de oňyn çözülmegine gönükdirilen hukuk ulgamyna üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň bu ugurda bar bolan oňyn tejribesine toplumlaýyn çemeleşme boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmek, şol sanda adam söwdasyna garşy durmakboýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan netijeli daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.

2013-nji ýylda Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasyny doly hukukly agzasy boldy. Belent ynsanperwerlik ýörelgelerine, häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň demokratik esasda ösdürilmegine ygrarly bolan ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy, adamlaryň hukugynyň, azatlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy birnäçe binýatlaýyn halkara resminamalaryna goşuldy hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär.

Türkmenistanyň BMG-niň serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna goşuldy, bu resminamanyň üstüni ýetiren adam söwdasyny, aýratyn-da zenanlaryň we çagalaryň söwdasyny duýdurmakhem-de öňüni almak we bu ugurda tagallalary utgaşdyrmagyň esasy halkara guraly bolan jeza çäresini görmek hakyndaky Teswirnamany tassyklady.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2020-2022-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy, “Adam söwdasyna garşy göreşmek hakynda” we “Migrasiýa hakynda” Kanunlar kabul edildi, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine degişli düzedişler girizildi. Kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny milli hukuk ulgamyna ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Wideoduşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hökümete dahylsyz guramanyň döwlet edaralary we halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy aýratyn bellenildi. Olaryň bilelikdäki tagallalary adam söwdasynyň öňüniň alynmagyna, heläkçilik çekenlere täsirini peseltmäge, häzirki döwürde tutuş adamzady alada goýýan bu wehimiň doly aradan aýrylmagyna gönükdirilmelidir.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines-yň saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Eýran ŞHG-niň doly agzasy boldy
Ertir ŞHG-niň sammiti onlaýn görnüşde geçiriler
Dünýäniň iň kiçi torbasy 63 müň dollara satyldy
Balkanda 'gara bazar söwdasy' bilet gytçylygyny güýçlendirdi
Markayoly — harytlaryň köpdürli görnüşleri we onlaýn hyzmatlaryň ýokary hili